Üns beriň, bäsleşik!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy, Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher komiteti bilelikde «Adyň ýüreklerde aýdym, Aşgabat!» atly gözel paýtagtymyzy wasp edýän iň gowy makalalaryň, goşgularyň hem-de ak şäherimiziň täsinlige baý, binagärlik taýdan kämil künjeklerinden düşürilen fotosuratlaryň döredijilik bäsleşigini yglan edýär Bäsleşige paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan islendik ýaşdaky ildeşlerimiz, döredijilik işgärleri gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň baş maksady mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik, gözellik, ekologik abadançylyk, ýaşaýyş üçin döredilen köpugurly şertleri taýdan ýeten beýik sepgitlerini, ösüşlerini, täsin keşbini, halkymyzyň mähriban paýtagtymyza bolan belent söýgüsini, buýsanjyny mynasyp şöhlelendirýän, giňden beýan edýän iň gowy eserleri, fotosuratlary halkymyza ýetirmekden ybaratdyr. Bäsleşige hödürlenýän makalalaryň, goşgularyň möçberi 2 kagyzdan uly bolmaly däl. Döredijilik eserleri ozal ba