"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Merdana nesiller — Watan geljegi

Welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Oňa 3-5-nji synplarda okaýan okuwçy oglanlar gatnaşdylar.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi. ***

Beýik Pyragynyň filosofiýasy — parahatçylygyň we ösüşiň ýol-ýörelgesi

Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen bagly halkara derejede geçirilýän çäreler onuň edebi mirasynyň adamzadyň şu günki durmuşynda tutýan ornuny giňden açyp, bu mirasyň parahatçylygyň we ösüşiň ýol-ýörelgesidigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda eden çykyşynda: «Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadançylyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr» diýip, söz ussadynyň bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandygyny belledi. Bu hakykat foruma gatnaşan dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda-da öz beýanyny tapdy. Beýik akyldaryň edebi mirasynyň döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygynda tutýan ornuny Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda:

Adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, onda adam jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilendir. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli kanunçylygyň we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagynyň döwletimiz tarapyndan kepillendirilýändigini doly tassyklaýar. Onda berkidilen demokratik ýörelgeler adamyň, raýatyň durmuş hem-de ykdysady kepillikleriniň, syýasy hukuklarynyň üpjün edilmegine, erkin ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyňdyr azatlyklarynyň deňligi, milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk, wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, olaryň kanunyň, kazyýetiň öňündäki deňligi, erkekleriň we aýallaryň deňhukuklylygy kepillendirilýär. Bu ýörelgeler öz gözbaşyny Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan alyp gaýdýar.

Ar­ka­dag şä­he­ri — dün­ýä­niň, dur­mu­şyň gör­ki

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny bi­len tas­syk­la­nan «Ar­ka­dag şä­he­ri­ni 2024 — 2052-nji ýyl­lar­da ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» ha­kyn­da söh­bet Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ama­la aşy­ry­lan giň möç­ber­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da­ky üs­tün­lik­le­ri­niň aý­dyň bir ny­şa­ny bo­lup, Ar­ka­dag şä­he­ri hem gül­läp ös­ýär. Onuň gel­je­gi­niň has-da aja­ýyp bol­jak­dy­gy­ny ar­ka­ýyn aý­dyp bo­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny bi­len «Ar­ka­dag şä­he­ri­ni 2024 — 2052-nji ýyl­lar­da ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» tas­syk­lan­ma­gy mu­ňa ýe­ne bir ýo­la gü­wä geç­ýär.

Sportuň hem dostlugyň rowaçlanýan diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň altyn sahypalary ýazylyp, Türkmenistan ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň okgunly ösýän, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýurdy hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, Olimpiýa hereketini, ýokary derejeli sporty ösdürmek, degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Parahatçylygyň ilçisi, dost-doganlygyň ýoly hasaplanýan sporty ösdürmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Kämil sport düzümlerine eýe bolan ýurdumyzda soňky ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlar eziz Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrdy. 11 – 17-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy hem uly üstünlige beslenip, türgenlerde hem, sport muşdaklarynda hem ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Ýaş kalp­la­ryň joş­gu­ny

Eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, beýik geljeginiň eýelerine deňelýän ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden göwünleri galkynýan ýaş nesiller ylym-bilim alyp, sportdur döredijilik bilen meşgullanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli dürli ugurlarda tapawutlanan hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezen ýaşlaryň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanmagy hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň bagtyýarlygy hakynda edilýän köptaraply aladanyň hem-de olaryň zehinine, ukyp-başarnygyna, zähmetine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Hormatly ada mynasyp bolan ildeşlerimiziň hataryndan sport ulgamynyň ösmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýan ýaşlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdik. Daýanç OMIROW, Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy:

Buýsanja beslenýän üstünlikler

Paýtagtymyzda 12 ýurda wekilçilik eden ýaş türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşy ýokary ruhubelentlige beslendi. Ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy tamamlanansoň, bu sport baýramçylygynda üstünlik gazanan zehinli ýaşlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň buýsançly sözlerini ýazga geçirdik. Ilima GUSEÝNOWA,

Milli oýunlar – terbiýe mekdebi

«Türkmenistan çagalygy adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär we ösüp gelýän ýaş nesilleri jemgyýetimizde doly derejeli durmuşa taýýarlamagy, olarda döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklary ösdürmegi, ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk, raýatlyk duýgularyny terbiýelemegi ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitleýär» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Elbetde, şol wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda milli mirasymyz, şol sanda onuň aýrylmaz bölegi bolan milli oýunlarymyz hem uly ähmiýete eýedir. Paýhasly pederlerimiz müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhymyzyň dowamynda sagdyn nesilleri kemala getirmek, olaryň ilhalar, giň gözýetimli, ýokary aň-düşünjeli, edep-terbiýeli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin uly alada edipdirler. Muňa asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelen milli oýunlarymyza nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şol oýunlaryň ählisiniň diýen ýaly gözbaşynda çagalary edep-terbiýeli edip ýetişdirmek bilen birlikde, olarda sagdyn, berk bedenli, gaýduwsyz, hüşgär bolmak ýaly häsiýetleri kemala getirmek baradaky maksat durýandyr. Olardan «Çeke-çeke», «Aýterek-Günterek», «Gizlenpeçek», «Akja süňk», aşyk, bäşdaş, düzzüm, ýaglyga towusmak, sadranç ýaly terbiýeçilik ähmiýetli we paýhas oýunlaryny görkezmek bolar. Bu oýunlaryň aýratynlykda oglanlara we gyzlara degişli görnüşleri hem bolup,

Nusgalyk göreldä eýerip

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň dünýädäki abraýy täze belentliklere göterilýär. Ýurdumyzyň halkara derejede parahatçylygy, abadançylygy, birek-birege ynanyşmagy pugtalandyrmak bilen birlikde, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty, bedenterbiýäni wagyz etmekde aýratyn işjeňlik görkezmegi şol at-abraýyň belende göterilmeginiň esasy sebäpleriniň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda türkmen türgenleri üçin döredilýän şert-mümkinçilikler dünýä nusgalykdyr. Merdana türgenlerimiziň dürli halkara ýaryşlarda görkezýän ýokary netijeleri bolsa biziň hemmämizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Şeýle türgenlere sylaglary gowşurmak dabaralarynyň geçirilmeginiň ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrülendigem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabrynda biz bu hakykata göz ýetirdik. Şol gün döwlet Baştutanymyzyň Saglyk ýolundan geçmegi bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sport bilen meşgullanmakda her bir türkmenistanly üçin nusgalyk görelde bolup durýandygyny nobatdaky gezek aýan edip, kalplarymyzdaky buýsanjymyza buýsanç goşdy. Gahryman Arkadagymyzyň sport ulgamynda durmuşa geçiren ägirt uly işleriniň netijesinde Ýer ýüzünde sport ýurdy diýlip ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzda dürli ýyllarda sebit, ykl

A festival of sports

Ashgabat Open 2024, the U14 international tennis tournament was successfully held in the Turkmen capital. A closing ceremony was organized to award the winners at the Tennis Complex of the Olympic Village on November 16. Young tennis players from 12 countries, including Great Britain, India, Iran, Jordan, Kazakhstan, Malaysia, the United Arab Emirates, Pakistan, Tajikistan, the Republic of Türkiye, Uzbekistan and Turkmenistan, took part in the international tournament. The competition lasted six days and included the boys’ and girls’ singles and doubles events. At the tournament, our compatriots took 8 prize-winning places in 4 events. These victories of the tennis players demonstrate the great attention attached to the development of sports in our country thanks to the concern of the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov and the National Leader of the Turkmen people Gurbanguly Berdimuhamedov.

Ýerleriň ýagdaýy gowulandyrylýar

Melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagy ýerleriň hasyllylygynyň artmagynda uly ähmiýete eýe. Hut şunuň bilen baglylykda, suw akabalarynyň, şor suw akabalarynyň talabalaýyk arassalanylmagy zerur bolup durýar. Bu işlerde «Köneürgençsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň alyp barýan işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda hojalygara suw we şor suw akabalaryny gyrmançalardan arassalamak, çuňaltmak işleri geçirilýär. Şu günler etrabyň «Kyrkgyz», «Täze ýap», «Zaman» daýhan birleşikleriniň çäklerinde iş alnyp barylýar. Bu babatda Şöhrat Armyşow, Täçmyrat Kutlyýew we beýlekiler has tapawutlanýarlar. Geçen on aýyň dowamynda dolanyşyk boýunça hojalygara suw akabalarynyň 70, 4 hojalygara şor suw akabalarynyň bolsa 98,1 kilometr ýerinde arassaçylyk işleri geçirilip, meýilnama degişlilikde 100,8 we 116,83 göterim berjaý edildi-diýip, dolanyşygyň baş inženeri Begenç Öräýew söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Täzelikler

Türkmenabat şäherindäki «Bek» hususy kärhanasynda datly süýji-köke önümlerini öndürmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu ýerde öndürilýän bally, şokoladly, miweli, künjüli we dürli ýakymly tagamly süýjüleriňdir kökeleriň hyrydary barha artýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ferýuza Demirowa degişli bolan bu önümçilikde Türkiýede, Russiýa Federasiýasynda we Italiýada öndürilen kämil enjamlar bökdençsiz işledilýär. Bu ýerde dürli datly önümleriň 100-den gowrak görnüşi öndürilip, alyjylara ýetirilýär. Önümçilikde 30-dan gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär. Hususy kärhanada taýýar önümleri Türkmenabat şäheriniň we şähere ýakyn etraplaryň ilatyna eltip bermek hyzmaty hem guraldy.

Ýokary hil — önümçilikde esasy talap

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy önümçilik görkezijilerine besleýän kärhanalaryň biri-de Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ahal» ösümlik ýag kärhanasydyr. Ildeşlerimizi ýokary hilli ösümlik ýagy bilen üpjün etmekde agzalan kärhananyň saldamly goşandy bar. On dört ýyldan gowrak wagt mundan ozal Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilen kärhana bu gün öndürýän ösümlik ýagy bilen içerki bazarda uly meşhurlyga eýe. Bir gije-gündizde 300 tonna, bir ýylda bolsa 94 müň 500 tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge ukyply kärhanada dezodirirlenen ösümlik ýagyny almakda häzirki zaman kämil tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy

Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berýär. Bu bolsa biziň döwletimize hyzmatdaşlary bilen netijeli, peýdaly gepleşikleri işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy 2020-nji ýylyň dekabr aýynda sebitde zenanlary goldamak, syýasy, ykdysady we durmuş ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen döredildi.

Täzelikler

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde nah, ýüpek matalary dokamakda, çig ýüpek öndürmekde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda çig ýüpegiň 75 tonnasy, nah matalaryň 6 müň 530 boý metri, ýüpek matalaryň hem 41 müň boý metri taýýarlanyldy. Şeýle-de degişli döwürde ýüpek halylaryň 47 inedördül metri dokaldy. Edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 95 million 22 müň manatlyga deň boldy.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy: HYZMATDAŞLYGYŇ ALTYN HALKASY

Düýn Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy hem-de Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi öz işine başlady. Bu möhüm ähmiýetli çäräniň ilkinji güni dostluk-doganlyk gatnaşyklary juda gadymdan gaýdýan iki ýurduň arasynda giň ugurly hyzmatdaşlygyň altyn halkasynyň emele gelendigini aýdyň görkezdi. Şäheriň iň bir gözel ýerleriniň birinde ýerleşen «Türkmeniň ak öýi» binasynda we onuň daş-töwereginde baýramçylyk öwüşginlerine beslenen wakalaryň ençemesi geçip dur. Şolaryň birisinde bolsa goňşy ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyny ýene-de berkitmäge goldaw berýän dürli kärhanalaryň, işewürleriň önümleri goýlupdyr. Iki ýurduň wekilleri öz önümlerini biri-birine höwes bilen görkezýärler. Bu owadan görnüşleri synlap durşuňa hormatly Prezidentimiziň goňşy ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda edýän yzygiderli aladalarynyň ýerine düşýändigine çäksiz guwanýarsyň hem buýsanýarsyň. Bu gatnaşyklar diňe bir şu günümiziň däl, eýsem, geljekde hem ýurtlaryň durnukly ösüşlerini üpjün edýär, dost-doganlygymyzy has berkidýär. Işewürler biri-birinden öwrenýärler, tejribelerini paýlaşýarlar, şolaryň netijesinde täze çemeleşmelere esaslanýan önümçilikler giňeldilýär, içerki bazarda zerur bolan önümleriň artykmajyny daşarky bazarlarda hem ýerlemäge mümkinçilikler döreýär. Önüm öndürijileriň täze bazarlary g

Desterhanlar nygmatly, durmuş eşretli

Ilaty öz topragymyzda öndürilýän ekerançylyk önümleri bilen üpjün etmek işine lebaply babadaýhanlar saldamly goşant goşýarlar. Olar üstümizdäki ýylda hem tutanýerli, ýokary netijeli zähmet çekýärler we guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Şanly ýylyň tamamlanan on aýynda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 236,8 müň tonnasy, bakjanyň 156,4 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 46,1 müň tonnasy, ýeralmanyň 123,4 müň tonnasy, üzümiň 18,8 müň tonnasy öndürildi. Munuň özi ýokarda atlary agzalan möhüm azyk önümlerini öndürmek boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ösüş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär.

Ussatlar zähmetinden belli

Ol ömrüniň agramly bölegini ýaşlyk ýyllarynda saýlap alan hünärine bagyşlady. Onuň Türkmenabat şäherindäki oba hojalyk orta hünär okuw mekdebiniň agronomçylyk hünärini tamamlap, işe girişenine eýýäm 40 ýyl geçipdir. Şonça ýyl hem biobarlaghanada zähmet çekýär. Ony diňe bir etrabynda däl, eýsem, tutuş welaýatymyzda tejribeli biobarlaghana işgäri hem-de ökde agronom hökmünde tanaýarlar. — Mekdepde okaýan döwürlerim barlaghananyň işine höwes bildirerdim. Gowaçaly meýdanlara altyngözlüje goýberilende, uly gyzyklanma bilen synlardym. Görüp otursam, bu täsin jandarlaryň oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramakda uly peýdasy bar eken. Ýörite hünär alyp, obamyza gelenimde kän oýlanyp durman, biobarlaghana işe ýerleşdim — diýip, Nurýagdy aga söhbetdeşlige girişdi.

Asuda serhede aýlanyp

Gursagyňda yşk möwç urar Watana,Asuda serhede aýlanyp görseň.Müň bir gözellik bar göwnüň açara,Asuda serhede aýlanyp görseň. Dag börüsi, çölüň gurduna kybap,Ýigitleri eder topraga togap.Duşar müňläp sowal, ýene müň jogap,Asuda serhede aýlanyp görseň.