"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Arkadagdan arkaly döwrümiz bar sarpaly

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmekde, jemgyýetimiziň bitewüligini, ilimiziň agzybirligini we jebisligini berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halkymyzyň çäksiz sylagynyň, belent sarpasynyň, uly hormatynyň we söýgüsiniň beýany hökmünde 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edildi. Bu belent hormat Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin amal eden beýik işlerine halkymyzyň çuňňur minnetdarlygynyň nyşanydyr. Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hukuk ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, 2008-nji we 2016-njy ýyllarda rejelenen görnüşde kabul edilmegi bilen, döwlet binýadynyň özeni bolan konstitusion kadalar halkara hukugynyň ýörelgelerine laýyk getirildi, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän kadalar döwrebaplaşdyryldy.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Arkadagly eýýamymyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler, amala aşyrylýan taslamalar ata Watanymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürdi. Alym Arkadagymyz «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly  eserinde: «Döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar juda jogapkär aladalardyr» diýip, parasatly belleýär. Elbetde, ynsanyň bagty, durmuşdaky üstünlikleri onuň beden we ruhy sagdynlygyndan gözbaş alýar.

Zamanamyzyň zynaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň altyn sahypasyna öwrülen 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Köpetdagyň eteginde görlüp-eşidilmedik toý tutulyp, halkymyzyň göwün islegini alamatlandyrýan, tutuş sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň açylyşy boldy. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu döwrebap şäher üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär. Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýyklykda bellenilýär.

Arkadag şäheri: şu günümiziň we geljegimiziň bagtyýarlygy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda sebitde ilkinji «akylly» şäheriň açylyp ulanylmaga berilmegi halkymyzyň toý şatlygyny artdyrdy. Bu şanly wakanyň Milli Liderimiziň doglan gününe sazlaşmagy bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyny çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň agzybirliginiň we döredijilikli zähmetiniň   dabaralanmasy bolan bu ajaýyp şäheriň täsinliklerine bagyşlanylyp «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen kitabyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy bolsa hemmeleri begendirdi. Bu ajaýyp kitabyň Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly dürdäne eseri bilen bir günde halkymyza gowuşmagy  ýurdumyzda döredijiligiň we ösüşiň has belent sepgitlere ýetýändigini görkezýär.

Mukaddes ýörelge

Watan her bir ynsanyň gözüniň göreji, başynyň täjidir. Watanyň at-abraýyny goramak, mertebesini belende götermek ýüreginde watançylyk duýgusy bar bolan her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Türkmen halky, bar zatdan ozal, Watany goramagy ilkinji orunda goýupdyr. Ata-babalarymyz Watana howp abanan pursatlarynda şirin janlaryny orta goýmaga gypynç etmändirler. Alym Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly ajaýyp kitaplary Watany goramagyň mukaddesligini, pederlerimiziň merdanalyk ýörelgesini görelde edinmegi öwredýän kämil edebi çeşmelerdir.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Gurbanjemal GURBANDURDYÝEWA,Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň maslahatçysy: — Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleri üçin gyzgalaňly möwsüm bolan galla oragy giň gerimde dowam edýär. Edermen gallaçy kärendeçilerimiziň zähmet çekip ýetişdiren ak bugdaýynyň bol hasylyny gysga wagtyň içinde, ýitgisiz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmaga diňe bir oba hojalyk pudagynyň işgärleri däl-de, beýleki pudaklaryň, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministrini kabul etdi

26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bilelikdäki tagallalar arkaly ýyldan-ýyla anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

26-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan köpasyrlyk dost-doganlygyň häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban Watanymyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy türkmen medeniýetini, sungatyny, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny şöhratlandyrýan şanly sene — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä tanatmakda, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

26-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň netijeli döwletara dialogy ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňagramly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly baýramyny has-da dabaralandyrmak, nusgawy şahyryň baý edebi mirasyny giňden wagyz etmek, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleri wasp etmekde, Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän pähim-paýhasly goşgularyndan ylhamlanyp, kämil edebiýat we sungat eserlerini döretmekde görkezen aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary sylaglamak maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan köpasyrlyk dost-doganlygyň häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban Watanymyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileriniň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriňizde hemişe uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy türkmen medeniýetini, sungatyny, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny şöhratlandyrýan şanly sene — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä tanatmakda, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. TDH.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren duşuşygy