"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Guşlarda syr köp

Gulan hakynda

Gulanlar täktoýnaklylar toparynyň gylýallar maşgalasyna degişli bolup, toýunsow, çägesöw toprakly düzlüklerde, ýarymçöllerde, dag eteklerinde ýaşaýarlar. Biziň ýurdumyzda olar esasan, Bathyzda, günbatar Köpetdagda, Sarygamyş kölüniň töwereklerinde gabat gelýärler. Gulan daşky görnüşi boýunça ýaba meňzeşdir. Onuň bedeniniň uzynlygy 205 — 240 santimetr, agramy 200 — 350 kilogram aralygynda bolýar. Gulanlar howp abananda dessine gaçmak bilen bolýarlar. Eger muňa ýetişmeseler duşmanyna garşy göreşe taýýar ýagdaýyna geçýärler, hatda onuň üstüne hem topulýarlar.

Togdary

Tebigaty goramagyň häzirki döwürdäki esasy wezipeleri tebigy baýlyklary rejeli we tygşytly peýdalanmakdan, onda ýaşaýan janly-jandarlary gorap saklamakdan, tebigatda seýrek duş gelýän haýwanlaryň, guşlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň gözel tebigatynda seýrek duş gelýän guşlaryň sanyny köpeltmek, olaryň ýitip, ýok bolup gitmeginiň öňüni almak maksady bilen bu guşlar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Şular ýaly guşlaryň biri-de togdarydyr. Togdary toklutaýlar maşgalasyna degişli bolup, olaryň göwresi sülgünden hindi towugynyň ululygyna çenli bolýar. Boýny we aýaklary uzyndyr. Kellesiniň, gursagynyň, ganatynyň öň taraplarynyň melemtil, çalrak, arkasynyň sarymtyl-mele, egrem-bugram çyzykly gara-ak ýelekleri bolýar. Depesinden, kellesiniň we boýnunyň yz tarapyndan döşlerine çenli sallanýan, uçlary şar gara, uzyn çalymtyl ak ýelekleri togdarylary aýratyn owadan we haýbatly görkezýär.

Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri

Düýe maly — dünýe maly

Dilewar eneler: Düýe malym, dünýe malym,Meň sözlerim diňle, malym.Çalyňa gurban boldugym,Keremiň ýüze syldygym...

Dünýäniň meşhur haýwanat baglary

Janly tebigatyň milli muzeýi Türkmen tebigatynyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesinde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýinde Türkmenistanyň we Ýer ýüzüniň haýwanat dünýäsine degişli haýwanlardyr guşlaryň örän köp görnüşleri bar. 40 gektar meýdany eýeleýän bu haýwanat bagy özüniň köpdürliligi taýdan dörde bölünýär. Onuň birinji böleginde gaplaňlar, ýolbarslar, goňur aýylar, deňiz pyşdyly ýaly haýwanlary ýakyndan synlamak mümkinçiligi bar. Köp sanly ýylanlaryň arasynda dünýäniň iň uzyn ýylany hasaplanylýan piton krokodil bilen goňşuçylykda ýerleşdirilipdir. Muzeýiň üçünji bölegi toýnakly haýwanlardan, dördünji bölegi bolsa ganatlylardan ybarat.

Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri

Haýwanat dünýäsinde täsin taýçanak

Zebra — daş keşbi ala reňkli täsin jandardyr. Olar, esasan, yssy ýurtlarda ýaşaýarlar. Olaryň watany Afrika hasaplanýar. Zebralar dürli otlar, agaçlaryň ýapraklary, ösümlikleriň kökleri bilen iýmitlenýär. Bu täsin jandarlar adatça, süri bolup gezýär. Zebralaryň sürüsine köplenç jerenler, düýeguşlar hatda žirafalar hem goşulýarlar. Adatça, haýwanat baglarynda hem žirafalar bilen zebralar bir ýerde saklanylýar. Zebralar süri bolup gezýän haýwanlaryň arasynda örän agzybirligi bilen tapawutlanýar. Olaryň bu oňat häsiýetleri ýabany ýyrtyjylardan goranmaga uly ýardam edýär. Göräýmäge, olar biri-birine örän meňzeş bolýar. Zebralaryň boýy ortaça 1,5 metre barabardyr. Olaryň tizligi sagatda 80 kilometre çenli ýetip bilýär. Özboluşly jandarlar ortaça 25 ýyl, kähalatlarda 35 — 40 ýyl ýaşaýarlar. Zebralaryň agramy 350 — 430 kilograma barabardyr. Zebralaryň derisindäki reňkleriň bir meňzeş görünýändigine garamazdan, olar ululygy we uzynlygy boýunça tapawutlanýarlar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, olaryň göreji ýiti bolýar. Zebralaryň üç görnüşine gabat gelmek bolýar. Olar birnäçe kilometr uzaklykdaky zatlary görmäge ukyplydyr. Zebralar yssy ýerde ýaşamaga uýgunlaşandygyna garamazdan, daglyk ýerlerde hem duşýar. Bu täsin jandarlar Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigiň gyzyl sanawyna goşuldy. Adaty bolmadyk reňkli zebranyň taýçanagy Keniýanyň «Masai Mara» milli seýilgähinde dünýä i

Sähra gämisi

Il arasynda «Düýe malym — dünýe malym» diýilýär. Munuň özeninde düýäniň süýdüniň, ýüňüniň jana şypa beriji melhemdigi, peýdalydygy barasyndaky hakykat bar. Biz hem düýe süýdüniň ähmiýeti, dermanlyk häsiýetleri dogrusynda belläp geçmegi müwessa bildik. Düýeleriň süýt önümlerini hem-de düýe süýdüniň we çalynyň hilini öwrenmek bilen meşgullanan türkmen alymlary düýeleriň süýtlüliginiň ýokarydygyny hem-de düýe süýdünde adam saglygy üçin zerur, ýokumly maddalaryň we keselleri bejerijilik häsiýetleriniň bardygyny tassyklapdyrlar. Türkmeniň bir örküçli arwana düýesi beýleki tohumlardan bolan düýeleriň arasynda has-da süýtli düýe hasaplanylýar. Alymlaryň geçiren ylmy-barlaglarynyň netijeleri düýäniň bir gije-gündizde berýän süýdüniň orta hasapdan 7 — 8 litre barabar bolýandygyny görkezýär. Ene düýeleri 18 — 20 aýa çenli döwrüň dowamynda sagýarlar we şu döwrüň içinde bir düýe 2800 — 3000 litr süýt berýär diýlip tassyklanylýar.

Ýüzmäge ökde guş

Pingwinler ýüzmäge ökde, ýöne uçup bilmeýän täsin guşlaryň biridir. Bu guşlaryň Ýer şarynyň günorta polýusynda hem-de Ýer togalagynyň ekwatorynda ýaşaýan görnüşleri hem bar. Pingwinleriň Antarktikada ýaşaýan görnüşleri wagtynyň köp bölegini suwda geçirýärler. Bu jandarlar sowugy halaýan hem bolsalar, aşa sowukda üşeýärler. Şeýle ýagdaýda ýüzlerçe agzasy bolan guş sürüsi bir ýere jemlenip, bir ýerde durmak arkaly ýylanýarlar. Süriniň daş tarapynda duran pingwinler iç tarapdakylar bilen ýerlerini yzygiderli çalyşýarlar. Ak-gara reňkli jandarlaryň ýelekleriniň aşagynda ýag gatlagy bolýar. Bu ýag gatlagy hem olary sowukdan goraýar hem-de ýüzenlerinde suw geçirmän, ýeňillik döredýär. Olaryň gara we ak reňkleri ýyrtyjy jandarlardan goranmaga kömek edýär. Gury ýerde olaryň gözi uzakdan görmeýär, ýöne suwuň aşagyndaka has gowy görýär. Pingwinleriň iň ulusy hasaplanýan imperator pingwinleri özlerine höwürtge ýasanmaýarlar. Bu guşlaryň käbir görnüşi gury ýerde daşlardan höwürtge ýasanýarlar. Aýaklary gysgajyk bolansoň, bu guşlar ikibakan yranyp, moýmuldap ýöreýärler. Olaryň iň täsin häsiýetleriniň biri hem ýüzenlerinde diňe bir ganatyny gezekleşdirip ulanýarlar. Pingwinler aw etmek üçin suwuň çuňluklaryna çümýärler. Adatça, 100-200 metr çuňluga çümýän hem bolsalar, kähalatda 500 metre çenli suwuň aşagyna gidýärler. Pingwinleriň jemi 18 görnüşi bolup, olaryň diňe iki görnüşi Antarktikada,

Meýne

Üzüm ýetişdirýän bagbanlaryň meýne diýlip atlandyrylýan guşlardan zeýrenmeýäni ýok bolsa gerek. Sebäbi üzüm salkymyndaky suwy süýjän üzüm dänesini eýesinden öňinçä bu guşlar duýýarlar. Ýeri gelende aýtsak, bu guşuň jakyrryk, jokjoky kimin atlandyrylyşy hem bar. — Meniň üçin-ä olardan peýdaly guş ýok — diýip, bagbanlaryň biri köpleriň tersine bir zat aýtdy welin, hemmäni üşerilmäge mejbur etdi.

Jümle-jahan habarlary

Ak çägeli çöller Seýrek duş gelýän ak çägeli çöller Ýer ýüzüniň iň üýtgeşik ýeri hasaplanylýar. Şeýle çölleriň biri ABŞnyň NýuMeksika ştatynyň günortasynda ýerleşýär. Tebigatyň döreden bu täsinligi özüniň şeker ýaly ak çägesi bilen indi ençeme ýyldan bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýär. Täsin çölüň uzynlygy 36, ini 26 kilometre barabar bolup, ol deňiz derejesinden 1185 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu çöl özüniň diňe bir gar ýaly ak reňki bilen däl, eýsem, çägesiniň düzümi boýunçada tapawutlanýar. Hakykatda welin, ol çäge dälde, gipsdir. Alymlar millionlarça ýyl mundan ozal hek döwründe bu ýerde uly bolmadyk deňziň bolandygyny çaklaýarlar. Wagtyň geçmegi bilen deňiz birnäçe kölleri emele getiripdir. Kölleriň guramagy bilen duz we selen himiki elementi, olardan bolsa gips alaňlyklary döräpdir. Selen ýeriň üstki gatlaklarynda seýrek duş gelýän elementleriň biridir.

Haýwanat dünýäsine syýahat

Keýik Keýik goşatoýnaklylar toparyna, gyn şahlylar maşgalasyna degişlidir. Olar gözel tebigatymyzdan «Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş» derejesi berlen görnüşleriň biri bolup durýar. Keýik, Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna (TGHB), Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilendir. Olar dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmagy halamaýarlar. Keýikler, esasan-da, Bathyzda, Garabilde hem-de Sarygamyş çöketliginde has köpräk duşýarlar. Olaryň sürüdäki mukdary durnuksyz bolýar, sebäbi amatsyz tebigy şertler dörände, başga otjumak ýerlere göçüp gidýärler, olar iýmitini çalt üýtgedip bilýärler we tomsuna suwa golaý ýerlerde ýaşaýarlar. Ýaz-tomus ter ot-iým bolanda wagtlaýyn suwsuz oňup bilýärler. Keýikler, esasan, noýabr aýlarynda jübütleşýärler, aprel-maý aýlarynda owlaklaýarlar. Olar ýurdumyzdan gaýry Gyzylgumda, Orta Aziýa ýurtlarynda ýaşaýarlar. Keýikler ýurdumyzdaky dokuz döwlet tebigy we on alty döwlet tebigy çäkli goraghanalar tarapyndan goralýar.

Haýwanat dünýäsi: gyş endikleri

Paslyň çalyşmagy bilen, howanyň ýylylyk derejesi hem peselip başlaýar. Bu döwürde tebigatyň köp görnüşli haýwanat dünýäsine-de gozgalaň aralaşýar. Janly-jandarlar özleriniň gyş endiklerini berjaý etmäge başlaýarlar. Olaryň köpüsi ýyly ýurtlara göç etse, ençeme görnüşleri aýazly günleri ýyljajyk «ýatakhanalarynda» uklap geçirýärler. Haýwanlaryň käbir görnüşleriniň bedeninde bolup geçýän üýtgeşmeler, ýagny ýag gatlagynyň galňamagy, sütüginiň ösmegi, per hem tüý örtüginiň galňamagy ýaly ýagdaýlar olaryň sowukdan goranmagyna ýardam edýär.

Bedene

Her bir janly-jandara özboluşly häsiýet, gözellik mahsus. Bu guşlar babatynda hem şeýle. Guşlaryň guýrugy olaryň esasy bezegi hasaplanýar. Tawus guşunyň guýrugynyň owadanlygy hem aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Guýruksyz guş diýlende ilki bilen bedene göz öňümize gelýär. Eziz çagalar! Geliň, bedene guşy barada käbir maglumatlar bilen tanyş bolalyň. Bedeneleriň guýrugy bolmasa-da özboluşly owadan guşdur. Biz munuň şeýledigine, olary synlanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Goňur reňkli, çal tegmilli guşlar özüniň ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Gyş paslynyň geçip, ýazyň gelmegi bilen bedeneleriň döşlerinde ak tegmiljikler peýda bolýar. Bedeneleriň täsin häsiýetleri bar. Olar hiç wagt höwürtge ýasanmaýarlar. Bedeneler ot-çöpleriň, daşlaryň arasynda höwürtgeleýärler. Olaryň ýumurtgasy daşa meňzeşligi bilen tapawutlanýar. Bedeneleriň ortaça boýy 20 santimetre, agramy 145 grama barabar bolýar. Bedene jüýjeleri doglan gününden başlap özbaşdak hereket etmäge ukyplydyr. Bedeneler diňe bir ýabany däl-de, öý şertlerinde hem ýaşaýar.

Başgaby zerbap elguş

Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp nusgalarynyň biri-de elguş bilen aw awlamakdyr. Elguşly awçylyk müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşipdir. Türkmen halky elguşlaryň göwnejaý aw awlamagy üçin, aw esbaplarynyň birnäçesini ýasamagy başarypdyr. Olaryň arasynda zerbap matalardan keşdelenip tikilen ýa-da gaýyşdan gymmatbaha monjuklar dakylyp taýýarlanan başgaplar hem bar. Elguşa başgabyň geýdirilmegi mürüşgäre birnäçe amatlyklary döredipdir. Başgabyň esasy wezipesi belli bir wagtyň dowamynda elguşy görüşden saklaýar. Bu bolsa elguşy köşeşdirmäge ýardam berýär. Başgaplaryň elguşlara ýetirýän täsiri we awçylykdaky orny, türkmen däp-dessurlarynyň süňňüne berk ornaşyp, çuňňur öwrenilmäge mynasypdyr. Ilkinji nobatda, başgap guşuň dyrnaklarynyň arasyndan awy almak üçin ulanylýar. Mürüşgär başgaby guşuň kellesine geýdirip, usullyk bilen awy alýar. Käbir ýagdaýlarda başgap guşy ürkmekden saklamakda hem zerur bolupdyr. Sebäbi elguş gorkup we ürküp bilýär. Ikinjiden, başy gaply guş görmekden galandan soň, adamyň eline tiz öwrenişýär. Guşuň mürüşgäriň sesini we elini tanamagy üçin, başgabyň ähmiýeti uludyr. Eger-de başgaply elguş awa girmäge taýýar edilse-de, mürüşgäriň başga bir zerur aladasy ýüze çykaýsa, günüň dowamynda ol tugurynda oturypdyr. Başgap oňa öý guşlaryna ýa-da beýleki janly-jandarlara zyýan ýetirmeginden saklanmaga kömek berýär. Başgap elguşuň güýjüni biderek ýere ýitirmezl

Bürgüt täzeden dogulýar

Bürgüt – uzak ýaşaýan guşlaryň biri bolup, ol 70 ýyla çenli ýaşap bilýär. 40 ýaşaýança, onuň uzyn dyrnaklary kütelýär. Uzyn çüňkleri bolsa gaňrylýar. Bu ýaşdan soňra onuň uly ganatlary agyrlaşýar. Bu ýagdaýda bürgüt 150 günüň dowamynda transformasiýa, ýagny täzeleniş döwrüni başdan geçirmeli bolýar. Bürgüt dagyň iň belent ýerinde höwürtge gurup ýaşaýar. Şondan soňra ol gaňrylan çüňkleri döwülýänçä daşa urýar. Döwülen çüňkleriniň deregine täzesi çykýança garaşýar. Täzelenen çüňki bilen kütelen dyrnaklaryny aýyrýar. Dyrnaklary täzelenenden soňra, köne ýeleklerini ýolýar. Aradan bäş aý geçenden soň, bürgüt täze görnüşe girýär. Şeýlelik bilen ol ýene-de 30 ýyl ýaşamak mümkinçiligine eýe bolýar.

Zyýada ýyl — zerewşan

«Sypalasaň, ýumşak sypaň bolaryn. Silkeleseň, buýnuzym ýaly gaty tagta dönerin» diýýän sygyr malyny halkymyz rysgal-berekediň çeşmesi hasaplaýar. Gapysynda göleli sygry bar maşgala edil gyzylly humuň eýesi ýalydyr. Ertir bir bedre, agşam sagymynda hem şonçarak süýt berýän sygryň bolsa, bala-çaga birenaýy ýaýrap-ýaýnaýandyr. Süýt-gatygyň düzümindäki peýdaly ýokumlar çaga-çugadyr garry-gojalaryň süňk-süýeginiň berkemeginde, saglygynyň sazlaşmagynda bahasyz dermandyr. Şol sebäpli-de pederlerimiz elmydama sygyr ýylyny hoşnutlyk bilen garşylapdyrlar. Bereket-bolçulygyň edil süýt ýaly dolup-daşjagyna berk ynanypdyrlar. Sygyr ýylynyň ýagyş-ýagmyra baý bolmagy meýdanlarda ot-çöpi boladypdyr. Ekin-dikin leýsan bolup, mal-gara, guş-gumry köpelip-känelip, guzulap-owlaklap, jüýjeläp-jäjeläp, toýlary goşalandyrypdyr. Täze ýylyň öňüsyrasynda sähra-düzlerimize bereket nury bolup inen ak garyň galyňlygy hem şol ata-baba ýörelgeleriň tebigat bilen sazlaşykda dowamatlygyna güwä geçip, kalbymyzda ýüzläp-ýüzläp ýakymly ýatlamalaryň ýaňadan ýaşamagyna itergi berýär. Oba çagalarynyň arasynda daň säher bilen oýanyp, sygyrlaryny padymana goşup gelmegi arzuw etmeýäni bir barmyka?! Megerem, bu sözlere öz ýanyňyzdan bir ýylgyryp, gaýybana başyňyzy iki-ýana ýaýkansyňyz. Sebäbi, daňyň kuýaşy säher tämizligine ýaňy garyşyp ugrandan oýanmaga meýillisiň. Oýkanjyrap, eýläňe bir agdarylyp, beýläňe bir agdaryly