Duýguly dünýä
KÜÝSEG Men şeýle bir küýsäp ene mähriniHem şeýle bir küýsäp ata pähmini, Ýetimsiredim hem ýekesiredim. Dünýäň baýlyklarnyň jemläp ählisin Hem goşup üstüne Zemzem çeşmesin,Eçilseler bal kölüni uçmahyň,Üstüne süýt deňzi bolsa peşgeşim,Ýetmiş müň melegi birden guçmagyYgtyýar etseler, ýene goşmaçaJowahyrdan daglar bolsa erkimde, Galyberse, ýene mundan başga-da,«Al!» diýilse islän zadyň şertsiz, hem«Bol!» diýenim boljak bolsa, höküm etsem,Bagyşlansa Tuby bagyn saýalapÝatmaklyk hem seýil etmek möhletsiz,Günden täç geýdirlip, Aýam aýama Alyp gezmekligem edilse idin, Süleýmanyň güýji hyzmat etse-de, Eýlensemem keramata Senem deý,Ýusubyň görkünden ýüz-müň esse edipZynat berilse-de, bulaň ählisiBoljak bolaýsa-da nete düwdügim,Saýlardym, küýseýän, kaka pähmini!Saýlardym, küýseýän, eje hüwdüsin!..