"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Ekologiýa abadançylygy — bagtyýar ýaşaýşyň özeni

Ýurdumyzda ilatyň şu günki we geljekki sagdyn durmuşynyň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak üçin onuň serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ugrundaky ekologiýa çäreleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Täze gurulýan kärhanalar, durky täzelenýän desgalar daşky gurşawa, adamyň saglygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almaga ukyply, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Taýýarlanýan azyk önümleri halkara hil we ekologiýa güwänamalaryna eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Hazaryň türkmen kenary

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy aýawly gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan ynsanperwer syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe işjeň häsiýetde durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli işlere çelgi bolup durýar. Bu durmuş hakykaty Hazaryň ekologiýa maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň çözgüdinde hem möhüm orun eýeleýär. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň mynasyp paýy bar. Bu gullugyň hünärmenleri Balkan welaýatynyň Garabogaz şäheriniň demirgazygyndan Esenguly etrabyna çenli 700 kilometre golaý giňişlikde Hazar deňziniň türkmen bölegine, deňziň hanasyndan 2 kilometr aralykdaky toprak örtügine, şeýle hem atmosferanyň düzümine gözegçilik işlerini ýerine ýetirýärler. Hazar ekologiýa gözegçilik gullugy ekologiýa maglumatlary we meýilnamalar, tebigaty goramak kanunlarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän, tehniki howpsuzlyk, zähmeti goramak we üpjünçilik bölümlerinden, şeýle hem gidrohimiki we daşky gurşawyň gözegçilik barlaghanalaryndan ybarat bolup, bu ýerde 60-a golaý hünärmen yhlasly zähmet çekýär. Daşky gurşawyň arassalygynyň sagdyn ýaşaýşyň özeni bolup durýandygy hemmelere mälim hakykat. Şonuň üçin tebigat bilen ynsan ömrüniň dowamlylyg

Ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwer maksatlary we ýol-ýörelgeleri özüne nusga edinen ýurdumyzyň ösen döwletleriň hataryna goşulmagy alnyp barylýan düýpli özgertmeler, gazanylýan netijeler, ösüşdir özgerişler, belent üstünlikler bilen berk baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimizde hil taýdan täze taslamalaryň, olary diwersifikasiýa hem-de innowasiýalaryň ýoly bilen alyp gitmegiň, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Daşky gurşawy goramakda, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek berkarar döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir. Ekologiýa çäreleri bu gün ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň täze nusgasyna geçmegi üçin binýada öwrülýär.

Ekologiýa abadançylygyna bagyşlanan maslahat

Düýn — 3-nji iýunda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli «Arkadagly, Gahryman Serdarly bagy-bossan Watanym» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramagynda geçirilen maslahat pikir alyşmalara we täsirli çykyşlara baý boldy. Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Azat Seýitbaýew TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiriniň orunbasary Hydyr Myradow, , paýtagtymyzdaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy Tirkeş Annamyradow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň baş hünärmeni Ata Ataýew, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hyzmat ulgamynyň arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Arzygül Durdyýewa we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Didar Geldiýew çykyş edip, ýurdumyzda alnyp barylýan tebigaty goramak, şeýle-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada gürrüň berdiler.

Ýaşaýşymyzyň ýaraşygy

Ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, şäherleriň we ilatly ýerleriň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny hem-de ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şäherleriň durnukly ösüşi olarda ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi bilen aýrylmaz baglydyr. Şähergurluşyk işinde daşky gurşawyň ýagdaýynyň hasaba alynmagynda «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň möhüm ähmiýetlidigini aýratyn bellemek gerek. Agzalan Kanun ýurdumyzyň islendik özgertmelerinde ekologiýa kadalarynyň, ekologiýa taýdan amatly usullaryň, tejribäniň ornaşdyrylmagynyň kanunçylyk esasda üpjün edilýändiginiň nobatdaky mysalydyr. Kanunyň 4-nji  maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda şähergurluşyk işi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny hasaba almak bilen, öndüriji güýçleriň ýerleşdirilmegini, inženerçilik, ulag, durmuş infrastrukturasynyň emele getirilişini, çäk boýunça ilaty ýerleşdirmegiň taslamalaşdyrylmagyny we düzgünleşdirilmegini öz içine alýar. Türkmenistanyň tebigaty goramak kanunçylygyna laýyklykda, şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň taslamalaşdyrylmagy, gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi ekologiýa howpsuzlygynyň we daşky gurşawy gorap saklamagyň talaplaryny hasaba almak bilen, ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin has amatly şertleri üpjün etmelidir.

Şäher we baglar

Bezeg baglarynyň şäher binagärçiliginde ähmiýeti örän uly bolup, gök ekinler şäheriň görküni baýlaşdyrmakda, şäheriň tebigatyny, seýilgähleriň we ekin zolaklarynyň arhitekturasyny döretmekde esasy orny eýeleýär. Şäherleriň we beýleki ýaşaýyş jaý toplumlarynyň mikroklimaty bezeg-baglarynyň ýetirýän täsirine baglydyr. Ýylyň dürli möwsümlerinde howanyň temperaturasy, düşýän ygalyň möçberi, topragyň we howanyň çyglylygy, Gün radiasiýasynyň kesgitleýji derejesi, ýel kadasy, howa basyşy — bularyň hemmesi belli bir ýeriň howa şertlerini kesgitleýär. Ösümlikler howanyň arassalanmagyna 20% täsir edip bilýär. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, ösümlikleriň howanyň temperaturasyna güýçli täsir edýändigi tassyklandy. Bagy-bossanly ýer bilen deňeşdireniňde, ýaşaýyş binalarynyň içindäki howanyň temperaturasy 10 — 12 gradusdan ýokarydyr. Tomusda gür saýaly agaçlaryň goýy kölegesi salkyn we ýakymlydyr. Agajyň kölegesinde radiasiýanyň derejesi açyk ýere garanyňda 35 gradus pesdir, gür baglykda bolsa, 40 gradusa ýetýär. Saýaly baglar jaýlaryň diwarlaryny we beton ýollary aşa gyzmakdan gorap saklaýarlar. Uly agaç bir günüň dowamynda 300 litre çenli suwy bugartmaga ukyplydyr. Şonuň netijesinde, baglar salkyn mikroklimatyň döremegine getirýär. Bu häsiýetler, esasan hem, ýasy ýaprakly dub, pawlowniýa, katalpa ýaly agaçlara degişlidir. Belli bolşy ýaly, agaçlar we gyrymsy agaçlar howadak

Dünýä nusgalyk ýörelge

Geçen ýyllarda Türkmenistanyň we BMG-niň örän işjeň hem-de uly möçberli hyzmatdaşlygy hut daşky gurşawy goramak we energiýa babatynda has-da netijeli boldy. Şu döwürde BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Uly möçberli Ekologiýa gaznasy ýaly halkara düzümleri tarapyndan goldanylýan dürli maksatnamalaryň we taslamalaryň 30-dan gowragy üstünlikli ýerine ýetirildi, häzirki wagtda hem yzygiderli durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň ekologiýa syýasatynda häzirki zamanda adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmegiň mümkin däldigi esasy öňe sürülýän ýörelgedir. Bu ýörelge islendik döwletiň we jemgyýetiň saglygynyň tebigy baýlyklardan peýdalanyp bilşine baglydygyny hem berk göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň bu ýörelgesi dünýä nusgalykdyr. Şoňa laýyklykda ýurt we dünýä ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Daşky gurşawyň baý biologiki we genetiki serişdelerini goramak hem-de dikeltmek, asyrlaryň dowamynda döredilen özboluşly ekologiýa ulgamlaryny — Garagumuň çöllük zolaklaryny, Hazaryň deňiz gurşawyny, Köpetdagyň dag gerişlerini, Amyderýanyň kenar ýakasyndaky çäkleri gorap saklamak boýunça ýörite milli strategiýa işlenilip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli ýerine ýetirilýär.

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Geljegiň ygtybarly binýady Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň çäklerinde tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar, olar bilen baglanyşykly möhüm wakalar bolup geçýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde daşky gurşawyň gözelliginiň artdyrylmagy, onuň aýrylmaz bölegi bolan ýeriň, suwuň arassalygy, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy gazanylýar.

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Ekologiýa abadançylygy — möhüm mesele Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny gorap saklamak babatynda döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzyň tebigatyny has-da gözelleşdirmek, çölleşmä garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellärliklidir.

Suw damjasy — altyn dänesi

Bereketiň çeşmesi Suwuň ýaşaýşyň gözbaşydygy hemmämize äşgär hakykat. Bu hakykat adamzadyňam, haýwanat we ösümlik dünýäsiniňem suwsuz ýaşaýşyny göz öňüne getirmegiň kyndygyny görkezýär. Gurak we yssy howa şertlerinde suwuň gadyr-gymmaty aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Şonuň üçinem ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyn dänesine deňäpdirler. “Suw hasylyň enesi” diýen düşünje bolsa akar suwuň bereket çeşmesidigini aňladýar. Bu aýdýanlarymyzyň hemmesi ýaşaýyş-durmuşymyzyň seresi bolan suwdan hemişe tygşytly peýdalanmagyň derwaýysdygyny ýatladýar.

Ekologiýa abadançylygy — durnukly ösüşiň, sagdynlygyň girewi

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni Ata Watanymyz Türkmenistanyň asuda asmany, arassa howasy, ekologiýasy, örän täsin, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Eziz Diýarymyzyň sährasynda, düzünde, daglarynda, deňiz-derýalarynda mesgen tutan dürli haýwanlar, kök uran ösümlikler täsin tebigatymyzyň bezegidir, halkymyzyň guwanjy hem baýlygydyr. Daşky gurşawy, gözel tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklap, ajaýyp görnüşde geljekki nesillere ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.

Ekologiýa — ileri tutulýan ugur

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak boýunça Konwensiýalaryna goşulmak, maksatnamalaryna, taslamalaryna gatnaşmak bilen, bu ugurlardaky tagallalaryny giňeldip, işjeňligini has-da ýokarlandyrýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň şu babatdaky möhüm başlangyçlary, giň gerimli tagallalary, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň olary üstünlikli dowam etdirmegi bilen baglanyşyklydyr. Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň daşky gurşawyň goraglylygyny, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen bilelikde ösdürilmegi strategik meýilnamalarda, ýagny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşinde, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda» we beýleki resminamalarda anyk bellenilýär. Şeýlelikde, olaryň çäklerinde öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn ýerine ýetirilmegi milli ykdysadyýetimiziň tutuşlygyna ekologiýalaşdyrylmagyna, has takygy, bu ugurdaky degişli meseleleriň sazlaşykly, utgaşykly çözülmegine hyzmat edýär.

Daşky gurşawyň goragynda

Ekologiýa bilimi we terbiýesi halkyň umumy derejesini şertlendirýär. Ýurdumyzda bilim edaralarynda ekologiýanyň esaslaryny we daşky gurşawy goramagy öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna «Ekologiýa we daşky gurşawy goramak» atly ýörite okuw dersi girizildi. Bu ugurda amala aşyrylýan beýik işler hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baý ruhy dünýäsine düşünmek we tebigata bolan garaýşynyň köpasyrlyk tejribesini ulanmak üçin alyp barýan syýasaty bilen pugta baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ekologik taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistan ekologiýa we howa meselelerine degişli möhüm halkara başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. Olaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň goldaw bermeginde Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky teklip bar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan mundan beýläk-de şu mesele boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň dialogy ösdürmegi hem-de şu maksatlar esasynda Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralarydyr beýleki abraýly düzümleri bilen yzygiderli gatnaşyk etmegi göz öňünde tutýar.

Hytaýda «bulut şaglawugy» döredi

Hytaýda bulutlaryň dag gerşiniň üsti bilen aşak inip, suw akymyny ýada salýan görnüşli örän seýrek tebigy hadysa bolup geçdi. Ylymda «bulut şaglawugy» ady bilen bilinýän tebigy hadysanyň döremegine howanyň temperaturasynyň pese gaçmagy we güýçli ýel sebäp boldy. Jülgede howanyň dagyň temperaturasyndan ýokary bolýandygy sebäpli, «bulut şaglawugy» ýere degen badyna ýitmek bilen bolýar.

Suw syýasaty: abadan ýaşaýyş ugrunda tagallalar

Häzirki döwürde suw hojalygynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga ylmyň gazananlaryny, ekologik taýdan arassa suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. 8-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga ukyply desganyň işe girizilmegi hem bu ugurdaky işlere ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene bir ýola subut etdi. Täze, kuwwatly desganyň merkezi edarasynda we bölümlerinde arassalanan agyz suwuny desgadan bellenen möçberde ibermek we zerurlyga görä iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütleri kabul etmek, barlaghanada suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki reagentleriň bellenen kadalara laýyklykda taýýarlanylyşyna (alýuminiý sulfaty we gipohlorid natriý erginlerini garmak) gözegçilik etmek doly awtomatlaşdyrylan görnüşde ýerine ýetirilýär. Önümçilik düzüminiň himiki-bakteriologik barlaghanasynda daşary ýurtlarda öndürilen ýokary tehnologiýaly enjamlar, şol sanda 50-den gowrak barlagy, hususan-da, suwdaky dürli himiki elementleri, suwuň gatylygyny anyklamak üçin barlaglary ýerine ýetirýän spektrofotometr enjamy ornaşdyrylypdyr. Ýaşlyk şäherçesine, Gäwers obasyna we olaryň töweregindäki ilatly ýerlere iberilýän agyz suwuny öndürýän täze desga «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şä

Okuw maslahaty geçirildi

Repetek döwlet biosfera goraghanasynda «Tebigaty goramak — sagdyn durmuşyň kepili» atly okuw maslahatyny geçirdik. Onuň dowamynda goraghananyň çägine gezelençler guralyp, ylmy işgärleriň täsirli gürrüňleri diňlenildi. Dünýäniň başga ýerinde duş gelmeýän, diňe türkmen çöllerinde ösýän ösümlikler barada edilen söhbetler okuw maslahatyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çykyşlarda Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň çäginde ýerleşen Ýerajy döwlet çäkli goraghanasynyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklary barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle hem Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň tebigy aýratynlyklary boýunça biri-birinden tapawutlanýan üýtgeşik tebigy meýdanlary bolan Repetek sährasy, Ýaman tokaý gara sazakly jülgesi, Günorta, Demirgazyk jülge tokaýlyklary, Çarlak tokaýlary barada gyzykly söhbet diňlenildi.

Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň!

Ýaz paslynda gözel tebigatymyzyň dürli ýerlerine gidip, dynç alýanlar köpelýär. Biz olara daglyk, düzlük, sähra we öri meýdanlarynda bolanlarynda, ýangynlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen, şu aşakdaky çäreleriň ýerine ýetirilmelidigini ýatladýarys. Meýdanlarda zerurlyk ýüze çyksa, ot daş-töweregi 15 metr aralykda arassalanan, 50 santimetr çuňlukda gazylan çukurda, ýelsiz howada ýakylmalydyr. Tokaý-seýilgäh zolaklarynda, örülerde we düzlüklerde çilim çekmek gadagandyr. Tebigatyň gözel ýerlerinde awtoulag serişdeleri näsazlyk tapyp, mejbury ýagdaýda bejeriş işleri geçirilende, çalgy ýaglary, ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen matalary taşlap gitmek howpludyr.

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Tygşytlylyk — bolçulygyň kepili “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ilatyň ýokary hilli agyz suwy bilen üpjünçiligi il-günümiziň saglygyny goramakda-da iňňän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem şu möhüm meseläniň bähbitli çözgüdine gönükdirilen işleriň gerimi ýylsaýyn giňäp, degerli işler geçirilýär.

Ekologik terbiýe

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy hem gu­wan­jy akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy aja­ýyp söz us­sa­dy we be­ýik şah­sy­ýet hök­mün­de bü­tin dün­ýä nus­ga­lyk­dyr. Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­nyň ÝU­NES­KO-nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Tebigaty goramak — sagdynlyga çagyryş

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy we tebigaty gorap saklamak boýunça uly işler alnyp barylýar, bu ugurdaky kanunçylyk hem kämilleşdirilýär. «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda bellenilýär, bu kada daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça raýatlaryň ekologiýa borçlaryny berkidýär. Döwletimiziň ösüşiniň talaplaryna görä, milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär we täze kanunlar taýýarlanylýar, ozalky kanunlar döwrebaplaşdyrylyp, olara degişlilikde üýtgetmeler, goşmaçalar girizilýär. Şuňa laýyklykda, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Ýerasty baýlyklar hakynda», «Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda» we başga-da birnäçe kanunlar kabul edildi. Bu kanunlar ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň daşky gurşawy goramak bilen birlikde, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň bäh