Reňbe-reň gül açan ýaşyl ýaýlalar
Ummasyz uly giňişlige ýaýylyp ýatan Garagum sährasy tebigy gözelliklere baý. Aýratyn hem, gökde bulut oýnap, ýerde müň dürli ot-çöpler gögerip, zemin lälezarlyga beslenen ýyllar onuň zynaty has-da artýar. Tutýan meýdany uly bolansoň ygal çölüň hemme ýerine deň düşmeýär. Kä ýyllar ýazdan soň tomsuň başynda ýagyş bölek-bölek ýagyp, kaklary süýji suwdan püre-pürleýär, daş-töweregi lälezarlyga besleýär. Şolar ýaly ýyllaryň ýazy goşa ýaz hasaplanýar. Çünki tomsuň yssysy başlansa-da, ýaýlalar ýaşyl begres ýapynyp, dürli görnüşli otlar çöl gözelligini, çopan maşgalalarynyň rysgal-berekedini artdyrýar. Öri meýdanlarda ot bol gögerse, çopan-çoluklaryň iş-aladalary ýeňleýär. Elbetde, Garagum sährasynda ýylyň her paslyna mahsus gögerýän ot-çöpleriň bolýandygy mälimdir. Ýagyş ýagyp, ygaly ýeterlik bolanda, tomus paslynyň yssy howa şertlerine uýgunlaşan güneýik, ýapyr, ketgen, ezgen, söwdek, gandym, çerkez ýaly gyrymsy ösümlikler birkemsiz gögerýär. Şol ösümlikler tomus paslynyň yssy günleri hem guraman, gök öwsüp oturýar. Çöldäki takyrlyklaryň peseňliginde gazylan kaklaryň ýagyş suwundan dolmagy çopanlaryň iş şertleri üçin uly ýeňillikdir. Kaklaryň töwereklerindäki sonarlykda ýaýnap, golaý aralykdan suwa ýakylýan mallary bakmakda hiç hili kynçylyk çekilmeýär. Şolar ýaly ýyllarda tejribeli çopanlar yssy howa şertlerinde mallary suwsatman bakmagy başarýarlar. Tomus pasly gögerýän dürli gök o