"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Täze ösüşlere tarap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň beýik taglymatlary esasynda, gazanylýan üstünlikler ýaşlar syýasatynda hem öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz döwletiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlar barada öňdengörüjilikli döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Bu syýasat ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri üçin zerur bolan şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimizi dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda hem-de bu ugurlar boýunça kämil hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlara döwrebap hünär bilimini bermekde uly işler amala aşyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde belent sepgitlere eýe bolan pudaklaryň biri-de himiýa senagaty we himiýa ylmy bolup, bu ugurda ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirilmäge uly üns gönükdirilýär. Watanymyz dürli tebigy baýlyklara: organiki we organiki däl maddalara, minerallara, uglewodorod serişdelerine baý ülkedir. Bu baýlyklaryň esasyny düzýän maddalaryň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek, olaryň esasynda täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemek, alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, dokma, durmuş maksatly önümleri öndürmek, oba hojalygy üçin zerur bolan täze dökünleri almak, himiýa senagatyny we himiki tehnologiýalary ösdürmek şu

Sanly ulgam — Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmeginiň möhüm şerti

Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şertidir. Bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin konsepsiýa durmuşa geçirilýär. Bu konsepsiýa kabul edilen döwlet maksatnamalary hem-de geljek üçin meýilnamalar bilen utgaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek maksady bilen degişli Pudagara topar döredildi.

Ýa­po­ni­ýa­nyň meş­hur ro­bot­la­ry

Ýa­po­ni­ýa se­na­gat, yk­dy­sa­dy­ýet we teh­no­lo­gi­ýa taý­dan ösen ýurt­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýurt­da dür­li ugur­la­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len ro­bot­la­ryň en­çe­me­si­ne duş gel­mek müm­kin. Şeý­le ro­bot­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­ýä­ris: Hos­pi. Bu ro­bot «Pa­na­so­nic» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2004-nji ýyl­da ön­dü­ril­di. Ol öň ta­ra­pyn­da ýer­leş­di­ri­len kar­ta­laş­dy­ryş mag­lu­mat­la­ry ar­ka­ly öz­baş­dak he­re­ket et­mä­ge ukyp­ly­dyr. Has­sa­ha­na­lar­da be­jer­gi al­ýan has­sa­la­ra ýar­dam ber­ýän, ola­ry bar­ma­ly ýe­ri­ne äkid­ýän, baş­ga-da bir­nä­çe hyz­mat­la­ry ama­la aşyr­ýan bu ro­bo­tyň tä­ze nus­ga­sy 2013-nji ýyl­da köp­çü­li­ge ýe­ti­ril­di we uly meş­hur­lyk ga­zan­dy.

In­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny artýar

Ýer ýü­zün­de 4,8 mil­liard iş­jeň in­ter­net ula­ny­jy­sy­nyň bar­dy­gy mä­lim edil­di. Bu gör­ke­zi­ji dün­ýä ila­ty­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy­ny eme­le ge­tir­ýär. Ula­ny­jy­la­ryň 92 gö­te­ri­mi in­ter­ne­te mo­bil en­jam­lar ar­ka­ly bi­rig­ýär­ler. Ula­ny­jy­la­ryň sa­ny soň­ky bir ýyl­da 257 mil­li­on kö­pe­lip­dir. Hä­zir­ki wagt­da in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny her ýyl­da 5,7 gö­te­rim art­ýar. De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ara­gat­na­şy­gyň ösen gör­nü­şi ila­tyň 96 gö­te­ri­mi üçin el­ýe­ter­li bo­lup, bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ilat sa­ny­na gö­rä in­ter­ne­tiň el­ýe­ter­li­li­gi­nde Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Da­ni­ýa we Şwe­si­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. In­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň umu­my sa­ny göz öňün­de tu­tu­lan­da Azi­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Bu yk­lym­da 2,5 mil­liard adam in­ter­net­den iş­jeň peý­da­lan­ýar. Ikin­ji ýer­de Ýew­ro­pa yk­ly­my bo­lup, se­bit­dä­ki ula­ny­jy­la­ryň sa­ny bol­sa 728 mil­lio­na ýet­ýär.

Aw­tou­lag ön­dü­rer

Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry dür­li mak­sat­lar bi­len aw­tou­lag ön­dür­ýär. Şeý­le kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan «Xiao­mi» aw­tou­lag ön­dür­mek üçin «Xiao­mi Au­to­mo­bi­le Co. Ltd.» at­ly kom­pa­ni­ýa dö­ret­di. Bu kom­pa­ni­ýa­da 300 adam zäh­met çe­ker. «Xiao­mi» tä­ze kom­pa­ni­ýa­nyň res­mi ýag­daý­da esas­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny, söw­da mak­sat­ly we se­na­gat üçin ha­sa­ba al­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Tä­ze kom­pa­ni­ýa üçin 10 mil­liard ýu­an (155 mil­li­on dol­lar) bö­lü­nip be­ril­di. Kom­pa­ni­ýa do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ula­gyň önüm­çi­li­gi­ni gys­ga wagt­da ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bi­ler­men­ler bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk edip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, hy­taý bren­di di­ňe mo­bil en­jam­la­ry däl, eý­sem, dür­li elekt­ron en­jam­la­ry, sa­mo­kat, we­lo­si­ped ýa­ly ýe­ňil ulag­la­ry hem ön­dür­ýär.

Sanly tehnologiýa — medeniýet ulgamynda

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň geljekki ösüşini kesgitleýji durmuş-ykdysady maksatnamalar yzygiderli kabul edilýär. Şolaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasydyr». Bu Konsepsiýa laýyklykda häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlara sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda özgertmeler durmuşa geçirilýär. Konsepsiýa ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksadyny, wezipesini we esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, olary üç tapgyrda durmuşa geçirmeklik meýilleşdirildi. Häzirki wagtda bu Konsepsiýanyň ikinji tapgyry amala aşyrylýar. Bu tapgyr 2020—2023-nji ýyllary öz içine almak bilen, degişli döwürde ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär.

Elektron resminama dolanyşygy we döwrebap ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli ugurdyr pudaklaryny mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdürmek, halkara gatnaşyklary hil taýdan täze, has ýokary derejä çykarmak, olary barha ilerletmegiň berk kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we dünýä ülňülerine doly laýyk getirmek, durmuş taýdan ösen kämil jemgyýeti gurmak boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Islendik döwletiň esasy alada-tagallalarynyň biri milli ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Çünki ykdysadyýetiň ösmegi ýurduň içerki we daşarky meseleleriniň köpüsini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Häzirki zaman dünýäsinde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň hem baý tejribesi toplandy. Dünýä döwletlerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda hem ykdysadyýeti ösdürmekde sanly usullara daýanylmagy özüniň oňyn netijesini berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Karara gol çekip, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady.

«Ford» kompaniýasy pikaplaryň önümçiligini ýokarlandyrýar

«Ford Motor» kompaniýasy soňky wagtda müşderilerden gelýän talaplaryň artýandygyny nazarda tutup, 2022-nji ýylda önümçilige goýberilmeli elektrik hereketlendirijide işleýän ýük göterýän ýeňil awtoulagynyň (pikabynyň) önümçiligini iki esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Has dogrusy, «Ford Motor» kompaniýasy 2024-nji ýylda 80 müňden gowrak awtoulag öndürmegi maksat edinýär. Kompaniýanyň degişli hünärmenleriniň aýtmagyna görä, bu maksat üçin «Ford Motor» goşmaça ABŞ-nyň 850 million dollary möçberinde pul serişdesini sarp eder.

San-Fransiskoda sürüjisiz taksiler öz işine başlady

Sürüjisiz ulaglary öndürýän «Waymo» kompaniýasy San-Fransiskoda täze sürüjisiz taksi taslamasyny ýola goýdy. Indi şäheriň ýaşaýjylary elektrik hereketlendirijide işleýän «Jaguar I-PACE» ýeňil awtoulagynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Häzirlikçe synag tertibinde hereket edýän meýilnamadan şäheriň ýaşaýjylary «Waymo One» programmasyny internete bagly bolan enjamlaryna ýükläp, peýdalanyp bilerler. Ýolagçy bu programma arkaly öz salgysyny ýazyp, taksi çagyryp biler. Awtoulagyň içinde ýolda bolup geçýän wakalary görkezýän ýörite ekran hem-de taksini islän ýeriňde saklamak üçin düwme ornaşdyrylypdyr.

«Samsung» täze meýilnamasy üçin ABŞ-nyň 205 milliard dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär

«Samsung» kompaniýasy geljek üç ýylda önümçiligini, şol sanda 40 000 adam işe almak bilen bilelikde, ABŞ-nyň 205 milliard dollary möçberine çenli maýa goýum goýmak meýilnamasyny işläp düzdi. Bu meýilnama maýa goýum babatda kompaniýanyň öň yglan eden 2030-njy ýyla çenli ýarymgeçirijileri öndürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýa ABŞ-nyň 151 milliard dollary möçberinde maýa goýmak maksatnamasyny hem öz içine alýar. Maýa goýumlar telekommunikasiýa, robot önümçiliginde ylmy-barlag we işläp-taýýarlama işlerine, şeýle hem zerur enjamlary satyn almaga gönükdirilendir.

Tim Kuk «Apple» korporasiýasynyň 5 million paýnamasyny satyn aldy

«Amerikanyň «Apple» korporasiýasynyň başlygy Tim Kuk geçen hepdäniň penşenbe güni «Apple» tarapyndan çap edilen «SEC» resminamasyna görä, ABŞ-nyň 750 million dollaryna kompaniýanyň 5 million paýnamasyny satyn aldy. «CNBC»-niň habaryna görä, munuň özi, paýdarlar jemgyýetiniň üstünlikli işlemegi üçin, onuň alyp biljek iň soňky baýragydyr. Tim Kuk 2011-nji ýylda baş direktorlyk wezipesine girişeni bäri «Apple» korporasiýasynyň paýnamalary 1200%-den gowrak artdy. Ýeri gelende bellesek, geçen hepdäniň penşenbe günündäki birža söwdalarynda korporasiýanyň paýnamalary 0,55% arzanlap, ABŞ-nyň 147,54 dollaryndan satyldy.

«Microsoft» kiberhowpsuzlyk üçin maýa goýum goýar

«Microsoft» kompaniýasy kiber hüjümleriň öňüni almak maksady bilen, öňümizdäki 5 ýylda ABŞ-nyň 20 milliard dollary möçberinde maýa goýum goýar. Bu maýa goýumdan başga-da, «Microsoft» kompaniýasy howpsuzlyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin, federal, döwlet we ýerli guramalara ABŞ-nyň 150 million dollar möçberinde tehniki hyzmatlary hödürlär. Şeýle hem kiberhowpsuzlyk bilim maksatnamalary üçin, jemgyýetçilik kollejleri we telekeçilige degişli bolmadyk guramalar bilen hyzmatdaşlygyny giňelder. Kompaniýanyň degişli bilermenleri bu barada tehnologiýa ýolbaşçylarynyň hem-de hususy pudaklaryna häzirki kiberhowpsuzlyk üçin mümkin bolan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdiler.

Su­wuk ug­le­wo­do­rod önüm­çi­li­gi ýo­kar­lan­dy

Iýul aýyn­da Nor­we­gi­ýa­da su­wuk ug­le­wo­do­rod önüm­çi­li­gi­niň muk­da­ry, iýun aýyn­da­ky mag­lu­mat­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, gün­de 191 müň bar­re­l ýa-da 10,4% ar­typ, gün­de 2,035 mil­li­on bar­re­le ba­ra­bar bol­dy. Bu ba­ra­da Nor­we­gi­ýa­nyň Ne­bit mü­dir­li­gi­niň ha­sa­ba­tyn­da aý­dyl­ýar.Iýun aýyn­da­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ýurt­da su­wuk ug­le­wo­do­rod önüm­çi­li­gi­niň muk­da­ry bir gün­de 1,844 mil­li­on bar­re­le ba­ra­bar bol­dy. Şol bir wag­tyň özün­de, NPD iýul aýyn­da­ky çak­la­ma­syn­dan 1% pes­di­gi­ni gör­kez­ýär. Şol san­da ne­bit önüm­çi­li­gi­niň muk­da­ry gün­de 1,753 mil­li­on bar­re­le ba­ra­bar bol­dy, bu NPD çak­la­ma­syn­dan 0,1%, iýun aýyn­da­ky de­re­je­sin­den 5,1% ýo­ka­ry. Iýul aýyn­da Nor­we­gi­ýa­da ýe­ňil ug­le­wo­do­ro­dyň giň bö­le­gi­niň önüm­çi­li­gi­niň muk­da­ry bir gün­de 272 müň bar­re­l, kon­den­sat bol­sa 10 müň bar­rel bol­dy. Şeý­le hem, be­ýa­nat­da ber­len mag­lu­mat­la­ra gö­rä, iýul aýyn­da Nor­we­gi­ýa­da ön­dü­ri­len ga­zyň muk­da­ry gün­de 311,9 mil­li­on kub metr bo­lup, bu NPD-niň çak­la­ma­syn­dan 1,4% pes.Nor­we­gi­ýa dün­ýä­de iň uly ne­bit eks­port edi­ji­le­riň ha­ta­ry­na gir­ýär. Şeý­le-de Nor­we­gi­ýa­nyň döw­let ne­bit gaz­na­sy­nyň dün­ýä­niň 9 müň­den gow­rak kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­na eýe­çi­lik ed­ýän­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Gaz­na paý­na­ma­lar­dan baş­ga-da, ob­li­

Ulagyň taryhy

XIX asy­ryň ahy­ryn­da kwadrisikl atly dört ti­gir­li ilkinji ulag Gen­ri Ford ta­ra­pyn­dan oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Hä­zir ýö­ne­keý ýa­ly bo­lup gö­rün­se-de, öz döw­ri üçin tä­ze­lik bo­lan bu ula­g we onuň oýlap tapyjysy ha­kyn­da tä­sin mag­lu­mat­lar bar. 1863-nji ýyl­da ABŞ-da dog­lan Ford in­že­ner­çi­lik oku­wy­ny ta­mam­lap, 1879-njy ýyl­da yk­ba­ly­ny düýp­gö­ter üýt­get­jek Det­roýt şä­he­ri­ne gö­çüp gel­ýär. «Wes­ting­hou­se» kom­pa­ni­ýa­syn­da ýan­gyç he­re­ket­len­di­ri­ji­si pu­da­gyn­da iş­le­ýär we Kla­ra Bra­ýant bi­len dur­muş gur­ýar. Dur­mu­şyn­da­ky iň mö­hüm ädim To­mas Edi­son ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan «Edi­son» kom­pa­ni­ýa­syn­da işe baş­la­magy bol­ýar. Bu ýer­de en­çe­me ýyl­lap iş­län Gen­ri Ford be­ýik oý­lap ta­py­jy To­mas Edi­son we beý­le­ki ze­hin­li in­že­ner­ler bi­len du­şuş­ýar. Dört ti­gir­li ulag ba­ra­da­ky pi­kir iş­deş­le­ri­niň bi­ri­niň kö­me­gi bi­len ýü­ze çyk­ýar. Onuň «Edi­son» yşyk­lan­dy­ryş kom­pa­ni­ýa­syn­da bi­le­lik­de iş­le­ýän in­že­ner dos­ty Çarlz King «Ame­rican Machi­nist» žur­na­lyn­da 1895-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ne­şir edi­len bir ma­ka­la­ny gör­ýär we bu For­duň hem ün­sü­ni çek­ýär. Ma­ka­la­da ýan­gyç bi­len iş­le­ýän ýe­ňil we güýç­li aw­tou­lag­lar ba­bat­da ag­zal­ýar. He­niz bu ylym­da öw­re­nil­me­dik bol­sa-da, Ford şeý­le teh­no­lo­gi­ýa bi­len iç­gin gy­zyk­la­nyp baş­la­ýar. Ýaş me­ha­nist

Sanly marketing ulgamy

Bazar ykdysadyýetini ugur alyp ösýän döwletlerde marketinge dolandyryşyň esasy ýerine ýetirijisi hökmünde seredilýär. Häzirki döwürde marketing kärhananyň ýokary peýda almak maksady bilen, alyjylaryň takyk talaplarynyň we bazaryň toplumlaýyn öwrenilmeginiň esasynda önümi işläp düzmegi, öndürmegi gurnaýan ulgamdyr. Marketing ulgamyny sanlylaşdyrmak, bir bitewi sanly marketing ulgamynyň döredilmegi bazar ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm bolup durýar. Sanly marketing ulgamyny dolandyryşa girizmegiň işewür iňlis dilinde alnyp barylmagy zerur bolup durýar. Şonuň üçin hem kärhanalary dolandyrmagyň toplumlaýyn marketing strategiýasyny döwrebap guramakda işewür iňlis diliniň orny we ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bäsdeşlik ukybynyň gün-günden artmagy, olara bolan islegiň içerki hem-de daşarky bazarlarda has-da köpelmegi, bazar gatnaşyklary şertinde önümleri öndürýän, dürli hyzmatlary ýerine ýetirýän we beýleki kärhanalarda sanly marketing gullugynyň ýola goýulmagy, ony işewür iňlis dili bilen utgaşdyrmak, kärhananyň marketing strategiýasyny düzmek we amal etmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Işewürlik iňlis dili arkaly kärhanalaryň marketing strategiýasynyň düzülmegi önjeýliligi we netijeliligi artdyrýar, maliýe ýagdaýyny gowulandyrýar, bazaryň ösmegine we öňe gitmegine getirýär. Çünki işewürlik iňlis dili islendik kärhananyň marketing strateg

Öý bikesiniň ýakyn kömekçisi

Hojalygymyzda yzygiderli ulanýan arassaçylyk enjamlarymyz biziň gündelik durmuşdaky işlerimizi has-da ýeňilleşdirýär. Bu bolsa köp wagtymyzy maşgalamyz bilen bilelikde geçirmäge, peýdaly zatlar bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredýär. Zenanlaryň gündelik ulanýan şeýle enjamlarynyň biri-de, tozan sorujy enjamlardyr. Tozan sorujy arassaçylyk işlerini doly we talabalaýyk ýerine ýetirýär. Biz munuň şeýledigine käbir mysallara ser salanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. Tozan sorujy bilen arassaçylyk işlerini ýerine ýetirenimizde halynyň we beýleki ýerlerde gizlenip ýatan tozanlaryň ýokary galyp, otaglaryň howasynyň hapalanmazlygyny üpjün edýär. Haçan-da, halyny sübse ýa-da başga zat bilen yzygiderli arassalanyňda onuň ýüzi tüýjermäge ýakyn bolýar. Şonuň üçin öý bikeleri tozan sorujy bilen halyny we otaglary arassalamagy saýlaýarlar. Biz hem žurnalymyzyň şu sanynda bu peýdaly enjamyň taryhy we onuň bilen bagly gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. Bilermenleriň bellemeklerine görä, tozan sorujy enjam saç guradyjynyň esasynda oýlanyp tapylýar. XIX asyrda alymlar tozan sorujyny döretmek üçin birnäçe ylmy-barlag işlerini alyp bardylar. 1860-njy ýylda amerikaly oýlap tapyjy Deniel Hess onuň hötdesinden gelmegi başarýar. Ýöne Hessiň tozan sorujysy diňe pollary arassalamak üçin peýdalanylypdyr. «Haly süpüriji» diýlip atlandyrylan ilkinji el bilen işleýän tozan sorujy enjam häzi

Zenanlaryň täsin açyşlary

Durmuşymyzda giňden ornan enjamlaryň, esbaplaryň birnäçesi zenanlar tarapyndan oýlanyp tapylandyr. Olardan gaplanan eti, ýalňyş düzedýän markeri, saç «gönüleýän» enjamy mysal getirmek bolar. Gaplanan et

«Tesla» «million millik» kuwwatlandyryjy öndürer

Elektrikli awtoulag öndürijisi «Tesla» kompaniýasy täze millionlyk derejä ýetmegi maksat edinýär. Bu bolsa oňa bäsdeşlerinden has öňe saýlanmaga kömek eder. Ýöne beýle diýildigi kompaniýa önümçiligini artdyryp, elektromobilleriniň iki milliona ýetirmekçi bolýar diýildigi däl. «Tesla» öndürýän elektromobilleriniň geçýän ýol uzaklygyny bir million mile (1,6 million km) ýetirmegi maksat edinýär. Bu bolsa öz gezeginde «Tesla»-nyň akkumulýatorlary öndürmek, olary çalyşmak üçin edýän çykdajylaryny ep-esli azaldar we önümçiligini ösdürmäge ýardam berer. Häzirki wagtda «Tesla» ýokary hilli «million millik» kuwwatlandyryjylarynyň önümçiligini ýola goýmakçy bolýar.

«General Motors» «Chevrolet Bolt»-y yzyna gaýdyp almak üçin ýene 1 milliard dollar sarp eder

«General Motors» geçen hepdäniň anna güni «Chevrolet Bolt» elektrik ulaglaryny täze modellere çalyşmak üçin birnäçe işler alyp barýandygy barada habar berdi. Bu kabul edilen çözgüt awtoulag öndürijisine goşmaça 1 milliard dollar sarp etmegine getirer. Netijede, awtoulaglarda kemçilikli batareýa modullaryny çalyşmagyň umumy bahasy 1,8 milliard dollar bolar. 2019-2022-nji ýyllarda, takmynan, ABŞ-da we Kanadada goşmaça 73 müňe golaý awtoulag, şol sanda «Bolt EUV» atly ulagyň ýaňy-ýakynda çykan has uly görnüşleri öndüriler. Awtoulaglary öndürmekligiň ilkinji gezek dünýäde 69 müň ulaga, şol sanda ABŞ-da 51 müňe golaý ulaga öz täsirini ýetirendigini bellemek gerek.

«Google» smartfonlar bazarynda önümçiligini giňeldýär

Geçen hepdäniň sişenbe güni «Google» täze telefonyny — «Pixel 5a» smartfonuny görkezdi. «Pixel 5a»-nyň bahasy ABŞ-nyň 449 dollaryna barabar bolar we 26-njy awgustda satlyga çykarylar. «Google» kompaniýasy girdeji getirýän smart-enjamlarynyň önümçiligini kem-kemden giňeldýär. Şol maksat bilen kompaniýa şu ýylyň ýanwar aýynda «Fitbit» kompaniýasyny satyn aldy. Maý aýynda bolsa müşderilere «Google»-niň enjamlaryny satyn almaga mümkinçilik berýän öz dükanyny açdy. Öň şu aýyň başynda, «Google» iki sany ýokary derejeli «Pixel 6» we «Pixel 6 Pro» smartfonlaryny önümçilige goýberipdi.