"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Milli elektron senagaty: «Bilimli» noutbuklar — körpelere ajaýyp sowgat

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda ak mekdebe ilkinji gezek gadam goýup, 1-nji synpa okuwa barýan bagtyýar körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleriň sowgat berilmegi indi ajaýyp däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen ýola goýlan şeýle asylly işleri, giň gerimli bilim özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz islendik döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösmeginiň ylym bilen aýrylmaz baglydygyny nygtaýar. Şunda ykbaly ýazylmadyk ak kagyza meňzeýän, bilimler dünýäsiniň bir gyrasyndan ýaňy ilkinji ädimleri ädýän bagtyýar çagalaryň her birine noutbuk kompýuterleriň sowgat hökmünde gowşurylmagy ýaş nesliň kiçilikden döwrebap düşünjeli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi babatda örän uly ähmiýete eýedir. Taryhy wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ugurda netijeli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 23-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine öz ýurdumyzda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki taýdan hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, şeýle-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga yg

Döwrebap enjamlar

Häzirki wagtda öýde, okuwda we edaralarda işleriň ýerine ýetirilişini kompýutersiz göz öňüne getirmek kyn. Ilkinji kompýuteri iňlis alymy Çarlz Babbage 1822-nji ýylda oýlap tapýar. Ol kompýuteriň ululygy bir otagyň ululygy bilen deň, ýagny agramy 30 tonna, umumy tutýan meýdany bolsa 1800 inedördül metre barabar bolupdyr. Häzirki elektron kompýuterleriň irki nusgalary 1940-njy ýyllaryň başynda oýlanyp tapylýar. Ilkinji kompýuterler harby maksatlarda ulanylypdyr. Ol kompýuterler häzirki wagtda Waşington şäherindäki «Smithsonian» institutynda saklanýar. Kompýuter latynça «hasaplamak» manysyny berýär, şeýle-de bu söz iňlis dili sözlüginde «tehnologik we bilim gözlegleri maksatly ulanylýan maşyn» diýip hem atlandyrylýar.

Onlaýn çeşmelerini ulanmagyň aýratynlyklary

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrabyň aragatnaşyk bölümi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny düşündirmek maksady bilen «Sanly tehnologiýa we kiberhowpsuzlyk» atly şygar bilen etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de aragatnaşyk bölüminiň işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda häzirki wagtda internetiň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi, aragatnaşyk, iş, güýmenje we başga-da köp maksatlar üçin ulanylýandygy dogrusynda, şeýle-de interneti ulanmagyň amatlylygy bilen bir hatarda howplary, maglumatlaryň gizlinligini bozmak we şuňa meňzeş howplaryň hem ýüze çykýandygy, şeýle-de internet arassaçylygynyň düzgünlerini berjaý etmek we onlaýn çeşmeleri ulanmagyň tertibi barada düşündirildi. Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýetiň esasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklaryň sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy arkaly alnyp barylýan işleriň çäklerinde yzygiderli okuw we terbiýeçilik işleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ikinji Halkara Hazar Sanly Forumyna çagyrylýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Dagystanda geçiriljek ikinji Halkara Hazar Sanly Forumyna çagyrylýar. Bu halkara forumyna Hazarýaka sebitiniň ähli döwletleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Çärä gatnaşyjylaryň ulag-logistika, ekologiýa we syýahatçylygyň ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşjakdygy bellenildi.

Китайский BYD хочет выпускать автомобили в Пакистане

Развитие гиганта элек­тромобилей и гибридов BYD - это уже даже не экспансия на мировой рынок. Флот из автово­зов BYD, серийный гибрид с запа­сом хода в 2100 км без подзарядки и дозаправки, электромобиль за 9 000$, который стал настоящей головной болью для зарубежных автокомпаний. Может, пора оста­новиться, BYD? Отнюдь нет - словно мысленно отвечает всему миру автогигант из Поднебесной и делает ещё один шаг к своему №1 в мире. Автогигант BYD, который за последний год значительно рас­ширил своё присутствие в разных частях планеты (уже вышел на бо­лее чем 80 рынков по всему миру) и который вовсю строит собствен­ный флот (!) для доставки своих автомобилей на рынки за преде­лами Китая, на этом, очевидно, останавливаться не собирается и готовит ещё несколько, не по­боимся сказать, неожиданностей мирового масштаба. Об одной из таких стало извест­но на днях: BYD запустит продажи в пятой по численности населения стране мира — в Пакистане. И не просто запустит, а, по некоторой ин­формации, построит там ещё один свой завод по выпуску электромоби­лей и гибридов.

Kämilleşýän sanly ulgamda täze döwür

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady ösüş babatyndaky strategiýasynyň esasy wezipesi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan demokratik, hukuk kadalaryna esaslanýan, ykdysady taýdan durnukly ösýän döwlet hökmünde sebitde-de, dünýä jemgyýetçiliginde-de mynasyp orun eýeleýär. Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan kämil senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar.  Elektron senagaty döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, galyberse-de, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hukuk kepilliklerini talap edýär.

“Eutelsat” dünýädäki iň uly ýerüsti hemra aragatnaşyk kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär

Fransiýanyň emeli hemra operatory “Eutelsat” bahasy takmynan €790 million ($863 million) ýerüsti hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýa döretmek isleýändigini mälim etdi. Dolanyşygy boýunça dünýädäki iň uly hemra operatory teleportasiýa (obýektleriň dessine islendik aralyga hereketi) hyzmatlary işewürliginiň köpüsini Şwesiýanyň “EQT Partners” tarapyndan dolandyrylýan hususy paýdarlar jemgyýetine satmagy meýilleşdirýär.

«Start»-da Premium abuna ýazylyşyk elýeter edildi

PREMIUM Türkmenistanyň raýatlarynyň 90%-i täze «Start» sosial ulgamy hakda bilmeýär. Söhbetdeşlik, aýdym-saz, wideo we suratlar paýlaşyň we uly topar dörediň. Emma aragatnaşygyňyzy hasam gowlaşdyrmak isleseňiz, «Premium» abuna ýazylyşyny barlap görüň!

«Tesla» satuwyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň «Tesla» kompaniýasy iýul aýynda hytaý bazarynda elektromobilleriniň satuwyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15 göterim artdyrdy. Has takygy, geçen aý kompaniýa Hytaýda 74 müň 117 sany elektromobil satypdyr. Häzirki wagtda «Tesla» hytaý bazarynda elektromobil satmak boýunça «BYD» kompaniýasyndan soňra, ikinji orny eýeleýär. «BYD» iýul aýynda 340 müň 799 sany elektromobil satdy.

Islendik tagamyň islendik wagtda

Täze tehnologiýalaryň, «akylly» enjamlaryň eçilýän nygmatlary ynsana lezzet berýär, şol bir wagtda hem gymmatly wagtymyzy tygşytlaýar. Edil innowasion dünýäniň özi ýaly olar hakdaky gürrüňler hem giň, şonuň ýaly-da, gyzykly. Bilşimiz ýaly, tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen, aşhana enjamlary hem has döwrebaplaşýar. Munuň özi öý bikeleriniň zähmetiniň azalmagyna, esasan hem, wagtynyň tygşytlanmagyna getirýär. Sözbaşymyzda agzan mümkinçiligimizi biz «Xiaomi» meşhur hytaý kompaniýasy tarapyndan öndürilen «AirFryer» atly aşhana enjamynyň kömegi arkaly gazanyp bileris. Ol türkmen dilinde «gowrujy enjam» diýmegi aňladýar. Döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, özboluşly we amatly dizaýny, mümkinçiliklere baýlygy, täsin görnüşi bilen tapawutlanýan bu enjam eýýäm uly meşhurlyga eýe boldy. Häzirki wagtda oňa milli aşhanalarymyzda hem gabat gelmek mümkin. Bu innowasion enjam köp ýag sarp etmezden ýa-da düýbünden ýagsyz dürli tagamlary bişirmek üçin amatlydyr. Şonuň bilen birlikde, ol islendik nahary çalt bişirmäge mümkinçilik berýär. Diýmek, az ýagly iýmitleri tiz taýýarlamak isleýänlere indi hiç hili bökdençlik ýok.

AŞTU öňünden gurnalan hyzmatlary bolan täze «ITVQ8» IP týunerini hödürleýär

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özüniň abonentleri üçin «ITVQ8» IP telewizion týunerini hödürleýär. AŞTU web sahypasynda bellenilişi ýaly, täze enjam öňünden gurnalan IPTV, «Belet Film» we «Älem TV» we şuňa meňzeş meşhur hyzmatlar bilen satylýar. Munuň özi birikdirilenden soň ulanyjylara derrew köp sanly güýmenje mazmunyna girmäge mümkinçilik berýär.

Zamananyň sanly mümkinçilikleri

Mart aýydy. Gyzym bilen toýa gitmek üçin daşaryk çykdyk. Taksi ulagyny saklamak üçin assadan ýöräp ugradyk. Ýagyş şabyrdap, ýagmaga başlady. Ýaz ýagşy ýakymly bolsa-da, şol wagt biraz birahatlyk berýärdi. Ine-de, ulag golaýymyzda sägindi. Oňa dessine mündük. Nirä barýanymyzy-da sürüjä aýtmagy unudypdyrys. Meniň aljyraňňy halymy geňlemedik sürüji, ulagy çalaja dolandyryp ugranyndan: «Gelneje, ugruňyzy aýtmadyňyz?!» diýip, öň tarapdaky aýnasyndan yza göz aýlady. «Wiý, bagyşlarsyň, jigim, şäher içindäki «Diýar» toý mekanyna barýarys. Ýöne onuň anyk nirede, haýsy köçede ýerleşýändigin-ä bilemokdyryn» diýenimde, ol: «Menem bilemok, ady-ha tanyş» diýdi. Birdenem: «Alada etme, gelneje, barmaly salgyňyzy derrew taparys, häzir onuň gapysynda düşürerin» diýip, awtoulagynyň ekranyna bir zatlar ýazyşdyryp ugrady. Men onuň bolşuna geň galdym. Ýakyn garyndaşymyzyň toýy bolansoň, gijä galmak islemeýärdim. Sähel salymdan sürüji oglanyň ulagynyň ses beriji enjamyndan ugry düşündirýän ses geldi. «Barýan köçäňiziň ugry bilen biraz ýöräp, öňdäki çatrykdan saga, soňra çepe... Indi sag tarapdaky köçä, soňra ýene-de saga öwrül...» diýip, awtoulag sesli salgy berýärdi. Awtoulagynyň ekranyndan bolsa barýan ugrumyz we barmaly toý mekanymyz görünýärdi. Bir söz bilen aýdanyňda, şäher kartada eliň aýasynda ýaly aýyl-saýyl bolup durdy.

Özbegistan ilkinji gezek saýlawlarda sanly tehnologiýalary ulanýar

Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek saýlawlarda sanly tehnologiýalar ulanylýar diýip, Türkmenistanyň milli habarlar gullugy habar berýär. “E-saylow” maglumat ulgamy, saýlaw döwründe 400 müňe golaý gatnaşyjyny, hususan-da, saýlaw toparlarynyň agzalaryny, deputatlary dalaşgärleri we synçylary öz içine alýan uly maglumat goryny döretdi. Bu ulgamyň üsti bilen saýlaw toparlarynyň agzalary bilen syýasy partiýalaryň, dalaşgärleriň, synçylaryň we habar beriş serişdeleriniň arasynda 60-a golaý özara gatnaşyk amala aşyrylar. Ulanyjylar bilen aragatnaşyk SMS habarnamalary arkaly amala aşyrylar.

«EMELI AŇ» — ADAMZAT AŇYNYŇ KÄMIL ÖNÜMI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň döwrebap şertlerde ýaşamagy, kämil bilim almagy hem-de zähmet çekmegi üçin zerur tagallalar durmuşa geçirilýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi,  sanly tehnologiýalaryň hem-de innowasion usullaryň giň gerimde ornaşdyrylmagy ylym, bilim, ykdysadyýet, oba hojalyk, saglygy goraýyşy, medeniýet we senagat pudaklarynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda yzygiderli ösýän we kämilleşýän tehnologiýalaryň durmuşymyza tiz ornaşýandygyny we dünýämizi düýpgöter özgerdýändigini, barha döwrebaplaşdyrýandygyny aýdyň duýýarys. Şol sebäpli hem soňky wagtlar adamzat durmuşyny tehnologiýalar göz öňüne getirmek hem kyn. Tehnologiýalar we «akylly» tilsimatlar ýaşaýyş-durmuş şertlerimizi ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Sanly we innowasion tehnologiýalar ýaşaýyş-durmuş terzimize amatlylyk, tizlik we rahatlyk bagyşlaýar.

Türkmenistanda “Bir penjire” ulgamy arkaly 20 müňden gowrak arza tabşyryldy

Ulgamda 16 sany ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 22 sany düzüm birlikleri işleýär. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň başlangyçlary esasynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň utgaşdyrmagynda ýurdumyzda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamy işe girizildi. Bu ulgamyň daşary ykdysady işine gatnaşyjylara elýeterli bolmagy üçin “Eksport-import amallary üçin bir penjire” bitewi döwlet maglumat web-portalynyň döredilendigini ýatladýarys (www.tradebridge.gov.tm).

"Türkmenaragatnaşyk" Türkmenistanda aragatnaşygy döwrebaplaşdyrmak üçin täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar

Türkmenistanda "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň tagallalary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin täze sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Agentlik ýurduň sanly infrastrukturasyny ösdürmek üçin giň gerimli taslamalary durmuşa geçirip, aragatnaşyk babatda häzirki zaman çözgütlerini işjeň ornaşdyrýar. Bu ugurda ähmiýetli ädimleriň biri "Altyn Asyr" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderileri üçin E-sim wirtual belgileriniň durmuşa geçirilmegi boldy. E-sim, "Altyn Asyr"-yň müşderilerine eýýäm tanyş bolan adaty SIM-kartalaryň häzirki zaman alternatiwasy bolup durýar. Bu tehnologiýa fiziki kartany ulanmazdan mobil aragatnaşygy işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär.

«Emeli aň» barada näme bilýärsiňiz? (Bilim we geljek)

Taryhyň dowamynda diňe bir halkyň diline däl, eýsem, tutuş adamzadyň diline täze-täze sözler ornaşýar. Göräýmäge, ilkibaşda düşnüksiz ýaly bolsa-da, soňabaka bu sözler gündelik durmuşymyzdaky «çaý, çörek» sözlerine öwrülip gidýär. Geň galdyrýan ýeri, muny ähli ýaşdaky adamlar edil özleri oýlap tapan ýaly ulanýarlar. Bu sözleriň aglabasynyň bolsa tehnologiýa bilen baglanyşyklydygy eýýäm hemmämize mälimdir. Öňler: «Biziň-ä akylymyz çatanok, ýöne «internet» diýip bir zatda okapdyrlar bu barada» diýýän sakgally ýaşulularyň indi özleri jübüsinden telefonyny çykaryp: «Ertir-ä, baý, yssy boljag-ow! Şu internet bir gowy zat! Näme isleseň, görkezip dur!» diýşip durlar. «Elektron poçta» düşünjesi dagy indi edil öýümiziň salgysy ýaly bolup galdy. Öýümiziň salgysyny soraýan adamlardan elektron poçta salgymyzy soraýan adamlaryň sany kän. Mundan 10 ýyl ozal «Shareit» ulanylyp başlananda, ilki-ilkiler adyny hem dogry aýdyp bilmeýärdik. Indi bolsa ýaşlar-a beýle-de dursun, hatda enelerimiz hem: «Hany, oglum, ýaňky aýdymy maňa «Shareit» arkaly oklap goýber! Gulagyma gaty hoş ýakdy» diýşip durlar. Bu sanawyň dowamyna «Android», «RAM», «Repost», «Kommentariýa», «Like», «Ssylka», «Blogger», «Browser» ýaly ýüzlerçe sözleri hem goşup bileris. Eýsem, şeýle sözleriň ýene-de biri bu günki gün durmuşymyza ýuwaş-ýuwaşdan ornaşyp barýan «AI» (eý-aý), ýagny uzaldylyp aýdylanda «Artifici

Türkmenistanda serwer, maglumat saklaýjy enjamlar öndüriler

Geljekde serwer enjamlaryna abatlaýyş, tehniki goldaw bermek işlerini hem-de “akylly” öý ulgamlary üçin zerur bolan enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. 26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Sanly tehnologiýalar, täze mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmakda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Beýleki harby we hukuk goraýjy edaralar bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerinde hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna hem-de Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda, sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda gullugyň merkezi edarasy welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň gümrükhanalary bilen birikdirilen sanly ulgam arkaly maglumat alyş-çalşygyny amala aşyrýar. Gullugyň düzüminde hereket edýän «ASYCUDA World» utgaşdyrylan maglumatlar ulgamy, elektron we maglumat ekranlary, barlag rentgen enjamlary hem-de «Eksport-import amallary üçin bir penjire» maglumatlar ulgamy ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, sanly hyzmatlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga, şeýle-de daşary ykdysady işe gatnaşyjy taraplara amatly ýeňillikleri döretmäge ýardam berýär. Bu ugurdaky tagallalaryň netijesinde, häzirki döwürde getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary almaga mümkinçilik döredildi. Ýurdumyzyň gümrük çägine getirilmegi, şol sanda üstaşyr geçirilmegi göz öňünde tutulýan hary

Tehnologiýa ösüşiniň ykdysady-durmuş şertlerine täsiri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarpyndan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2025-nji ýyla çenli döwür üçin Konsepsiýasynda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek we olaryň gerimine laýyk gelýän infrastrukturany döretmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýeti ýurtda sanlylaşdyrmagy ösdürmäge gönükdirilen wezipeleriň çäklerinde maglumat, telekommunikasiýa we intellektual ulgamlaryny, sanly tehnologiýalary, elektronikany we innowasiýa ugurlaryny dolandyrjak hünärmenlerini taýýarlaýar.