Il saglygy — ýurt baýlygy
Gyş paslynyň aýazly günleriniň dowam etmegi dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şol keselleriň öňüni almak üçin pasla görä ýyly geýinmek şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Şeýle wezipeden ugur alýan saglygy goraýyş işgärlerine jogapkärli wezipe degişlidir. Mary şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň lukmanlarydyr şepagat uýalary ynsan saglygy hakda aladalanýandyklaryny iş ýüzünde subut edýärler. Olardan göreldeli işleýän maşgala lukmany Ýusup Annaýew bilen şepagat uýasy Gülşirin Ahmedowany görkezmek bolar. Olar näsaglary güler ýüz bilen garşylap, olara degerli maslahatlary berýärler. Şeýle hem olar özlerine degişli maşgalalara baryp, öýden çykanlarynda agyz-burun örtügini dakynyp, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeklerini, öýlerinde ýygy-ýygydan üzärlik tütedip durmaklaryny ýatladyp durýarlar.