Gyş aýlary ýüze nähili ideg etmeli?
Hünärmenler we lukmanlar gyşyň sowuk we şemally howalarynda ýüzümiziň derisine idegiň artdyrylmalydygyny belleýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, gyş aýlary ýüzüň derisiniň gurap, ýag ýetmezçiligi duýulýar, şeýle-de antioksidantlar we käbir derini iýmitlendirijiler kemelýär. Bu bolsa deriniň gyzaryp, ýarylyp, hatda onuň wagtyndan öň garramagyna hem sebäp bolup bilýär. Şol sebäpden bu aýlarda derini iýmitlendiriji E, C, A ýokumlara baý bolan önümler bilen iýmitlenmegimiz we ýörite ýüz üçin ýapgylary ulanmagymyz gerekdir. Geliň, bu barada hünärmenleriň berýän maslahatlaryny belläp geçeliň! 2 nahar çemçe gaýmaga 1 ýumurtganyň sarysyny goşup, gowy garmaly. Onuň üstüne 1 çaý çemçe käşir suwuny goşmaly. Taýýar garyndyny ýüze çalyp, 20 minut saklamaly. Soňra ýüzi mylaýym suw bilen ýuwmaly. Bu ýapgy ýüzi iýmitlendirýär we ýalpyldadýar.