Köneürgenjiň gençli ýadygärlikleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň taryhyny öwrenmekde uly işler amala aşyrylýar. Şunda Köneürgenç şäheriniň taryhy-da wajyp ähmiýete eýedir. Köneürgenç şäheri Türkmenistanyň demirgazygynda, Amyderýanyň köne hanasynyň çep kenarynda ýerleşýän iri arheologik toplum bolmak bilen, ol köp sanly ýadygärlikleri özünde jemleýär. Birmahallar bu ýerde görnükli alymlar, akyldarlar ýaşap, beýik eserleri döredipdirler. Köneürgençde türkmenler diňe bir baý halk döredijiligini emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, senetçilik sungatynyň dürli ugurlaryny-da döredipdirler. Köneürgençde mukaddes ýerleriň ençemesi, şol sanda «Üç ýüz altmyş» ady bilen meşhur bolan ýadygärlikler toplumy-da ýerleşýär. Nejmeddin Kubranyň kümmeti hem şol mukaddeslikleriň biridir. Bu ýerde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler dünýä jahankeşdeleriniňdir syýahatçylarynyň, hatda Aziýanyň iň alys ýurtlaryndan gelýän zyýaratçylaryň hem ünsüni özüne çekýär. Geçmişde şöhrat gazanan bu gadymy şäher binagär ussalaryň, nakgaşlaryň we bezegçileriň döreden binagärlik merjenlerinden ybaratdyr. Şol täsin ymaratlar döremezinden has öň, gadymy ýurduň bi