Taryha baglanan ykbal

10 Ýanwar 2022
2086

Alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Ylym-bilim, döredijilik babatynda danyşmentler: «Ilden alynýan, ile hem berilýän baýlyk» diýýärler. Ylym özüniň ýönekeý manysynda daşarky dünýä syn etmegiň netijeleridir» diýip ýazýar. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek, ony täzeden dikeltmek işini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bagtyýar zamanamyzda şöhratly taryhymyzy we milli medeniýetimizi öwrenmäge örän uly üns berlip, ömrüni ylym-bilim ulgamyna bagyş eden adamlaryň mertebesi belent tutulýar.

Her bir halk özüniň geçmiş taryhy we medeniýeti bilen tanalýar. Taryhdan geçmişi öwrenip, şu güne göz ýetirip, geljege nazar aýlap bolýar. «Geçmişi bolmadygyň, geljegi-de bolmaz» diýlen atalar sözi tüýs taryh ylmyna bagyşlanyp, onuň ähmiýetini düşnükli dilde beýan edýär. Watanymyzyň taryhyny we medeniýetini çuňňur öwrenmekde uly hyzmatlary bitiren alymlaryň biri hem taryh ylymlarynyň kandidaty Ata Nuryýewdir.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.