Alym hünärmeniň göreldesi

21 Dekabr 2021
1694

Watanymyzda kärine ussat, halypa alym hünärmenlere uly hormat goýulýar, olaryň bitiren işlerine ýokary baha berilýär. Uzak ýyllar bäri zähmet çekip gelýän, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň guýulary düýpli abatlaýyş laboratoriýasynyň esasy ylmy işgäri Şyhguly Tulegenow hem şeýle hormat-sarpanyň eýesidir.

Ol 1956-njy ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Oglanly şäherçesinde dünýä inýär. Obasynda sekizýyllyk mekdebi okap, 1974-nji ýylda Balkanabat şäherindäki 2-nji mekdepde orta bilim alýar. Şol ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Ony 1979-njy ýylda tamamlap, himik-inžener, himiýa mugallymy hünärini ele alýar. Ylma bolan höwes ony «Nebitgazylmytaslama» institutyna getirdi. 1980-nji ýylda institutyň gidrogeologiýa we geohimiýa barlaghanasynda inžener wezipesinde zähmet ýoluna başlady. 1983 — 1985-nji ýyllarda şol institutyň gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmagyň täze usullary laboratoriýasynda kiçi ylmy işgär wezipesinde işledi.

Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar