Plastik we polimer önümleri ulanmagyň düzgünleri

18 Dekabr 2021
2751

Dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümleriniň iýmitlik gymmatyny goramak, olary terligine, howpsuz saklamak üçin olaryň saklanyş düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi zerurdyr. Azyk önümleri bilen galtaşýan önümleriň biri hem polimer materiallardan ýasalan gaplardyr. Gap-çanak plastikasy 40 ýyla golaý wagt mundan öň peýda boldy. Ylmyň häzirki zaman derejesi azyklyk harydyň görnüşine, daşamak, saklamak şertlerine, ulanylyş aýratynlyklaryna, maksadyna baglylykda berlen häsiýetleriň islendik toplumy bilen gaplama materiallary döretmeklige mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda azyk önümlerini gaplamakda polietilen, polipropilen, polistirol, poliamidler, poliwinilhlorid, polimetilmetakrilat, aminoplastlar, penoplastlar, fenoplaslar, ftoroplastlar, rezinler ýaly polimer materiallary ulanylýar. Polimer kompozisiýalaryň aglabasynyň düzüminde plastifikatorlar, dolduryjylar, gatadyjylar, reňkleýjiler, eredijiler, bug döredijiler, çalgy maddalary we polimerleriň berkligini güýçlendirýän, deformasiýasyny peseldýän, ýygrylmagyna päsgel berýän, çeýeligini, himiki durnuklylygyny, ýanmazlygyny ýokarlandyrýan maddalar bolýar. Kadada bolşy ýaly, bu goşundylar we pes molekulýar garyndylar polimer bilen himiki bagly däl. Bu bolsa olaryň aýratyn şertlerde galtaşýan gurşawyna — howa, suwa, azyk önümine geçmegine getirip, adam saglygy üçin howply bolup bilýär. Ondan başga-da, polimer materiallar ulanylan wagtynda himiki reagentleriň ýa-da fiziki täsir astynda polimerleriň garramasy, ýagny molekulýar zynjyryň üzülmegi netijesinde fiziki-himiki we fiziki-mehaniki häsiýetler üýtgäp biler. Sanitariýa we tehnologik talaplaryň berjaý edilmezliginiň netijesinde, plastmassadan formaldegid, fenol, asetaldegid, turşular, predel däl uglewodorodlar, pes molekulýar oligomerler, aseton, metil we beýleki spirtler, stirol, metilstirol, etilbenzol, ys beriji uglewodorodlar, aldegidler, ketonlar ýaly destruksiýa önümleri bölünip çykýar.

Begençmyrat JEPBAROW,
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň başlygynyň ylmy-tejribe boýunça orunbasary.