Iň owadan gül

22 Mart 2021
3114

Bägül dünýäde iň owadan gül hasaplanýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bägüller miladydan öňki 500-nji ýylda ösdürilip başlanypdyr. Bägüller söýgini, hormaty, gözelligi we hyjuwy alamatlandyrýar. Dünýäde bägülleriň 300-den gowrak görnüşine duş gelmek bolýar. Täsin güllere, esasan, Aziýa yklymynda, mundan başga-da, Ýewropada, Demirgazyk Amerikada we Afrikada seýrek gabat gelmek bolýar. Bägül «rosa» diýen latyn sözünden gelip çykandyr. Olaryň her birine özboluşly gözellik mahsusdyr. Adatça bägülleriň 5 sany ýapragy bolýar. Ýöne olaryň «Sericea» görnüşi 4 ýaprakdan ybaratdyr. Bägüllere gyzyl, sary, gülgüne, ak we mämişi reňklerde duşmak bolýar. Bägülleriň gök we gara reňklerine duş gelinmeýär. Käbir ýurtlarda bägüller «bagyň şa zenany» diýlip atlandyrylýar. Bu güller toý-dabaralarda, şanly senelerde bezeg işlerinde, şeýle hem atyr önümçiliginde giňden peýdalanylýar. Bägülleriň köp görnüşiniň uzynlygy 5 — 15 santimetre barabardyr. Bilermenleriň bellemeklerine görä, häzirki wagtda duş gelýän bägüller Hytaýdan gelýär.

Bägülleriň her reňki bir alamaty aňladýar. Olardan gyzyl söýgini, gülgüne nepisligi, ak bägüller dostlugy, sary reňk bolsa aýralygy alamatlandyrýar.