Barlyga bezegdir bu gözel baglar

22 Mart 2021
2044

Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gözel görke beslenip gelen ýazynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen bag ekmek dabarasy hem bütin halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu asylly ýörelge täze tokaý zolaklaryny döretmegiň, tebigata aýawly çemeleşip, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga öwürmek wezipelerini öz içine alýan bag ekmek Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Şu ýylda hem bag ekmek dabarasynyň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabatlanmagy özboluşly mana eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda 30 million düýp agaç nahalynyň ekilmegi hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň dabaralanmasyna öwrüldi.

Dogrudan-da, tebigat bilen ynsanyň arasynda täsin sazlaşyk bar. Adam olary eken gününden başlap, oňa ideg edip başlaýar, eýeçilik gözi bilen garap, wagtynda suwarýar, ideg edýär. Ýapraklary şemalyň ugruna saz ediberende oňa guwanýar. Onuň kemala gelşi hem şoňa görä bolýar. Suw berip, esewan bolan günüň ýapraklary öwüşgin atyberýär. Şonuň üçinem, halkymyz bag ekmegi, oňa ideg etmegi parz iş hasaplaýar. Miwesi ýetişende bolsa, ony goňşy-golamdyr daş-töwerege dadyrmasa, ynjalyk tapmaýar. Ýekeje miwesinem yrýa etmeýär, oňa tebigatyň eçilen rysgaly hökmünde garaýar.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».