Biologiýa dersini okatmakda işjeň usullar

9 Fewral 2021
1453

Sapakda mugallymyň okuwçynyň derse bolan höwesini artdyrmagy zerurdyr. Çaga guralýan her bir sapaga höwes bilen gelse, oňa temany özleşdirmek ýeňil bolýar. Mugallym üçin hem işlemek aňsat düşýär. Munuň üçin, ilki bilen, mugallym sapagyny oňat bilmeli, ikinjiden, okatmagyň iň ygtybarly, işjeň usullaryndan peýdalanmagy başarmalydyr. Bu ders boýunça okadýan VII synpymda ösümlikler dünýäsiniň öwrenilişi boýunça sapaklary netijeli guramaga çalyşýaryn.

Okuwçylara islendik ders boýunça bilim bermekde mugallym görkezip okatmak, gürrüň bermek, umumy okuw we gözegçilik ýaly usullardan peýdalanyp biler. Bu usullaryň içinde iň peýdalysy görkezip okatmakdyr. Okuwçylar gören zatlaryny doly gürrüň berip bilýär. Mysal üçin, prezentasiýalardaky we görkezme esbaplardaky ösümlik agzalaryny, ösümligiň görnüşlerini ilkibaşda mugallymyň özi düşnükli we görkezip öwretse, okuwçy mugallymyň aýdanyny berk ýadynda saklaýar. Soňky sapaklarda okuwçy öwredilenleri yzygiderlilikde gaýtalap bilýär we beýleki temalar boýunça hem öwrenenlerini baglanyşdyryp, ýadynda saklaýar.

Ejegül ANNAGULYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar