Watan — beýik mukaddeslik

27 Ýanwar 2021
1709

Türkmeniň ýürek örki diňe öz Watanynda. Ykbalyny, ygraryny, alýan demini Watan bilen ölçeýär. Çünki türkmen watansöýüji milletdir. Bizi erkin ýaşadýan we bagtly edýän, ýaşaýyş umydyny alawlandyrýan, barha belentliklere ymtylmagymyza badalga berýän zat Watana bolan söýgimizdir. Watan söýgüsi her bir gözelligiň asyl manysyny duýmagymyza alyp gelýär. Çünki biziň süňňümizde bu topragyň ülüşleri bar. Biz şu toprak bilen bir göwre — Watandan aýry zadymyz ýok.

Watan hakda söz açylanda Nuh pygamberden bäri ösüp-örňän pederlerimiz, dünýäniň dürli sebitlerinde döwlet guran ata-babalarymyz, ylymda, sungatda, medeniýetde uly yz galdyran alymlarymyz, görnükli taryhy şahslarymyz we türkmen diýen buýsançly hem-de şöhratly ada dahylly her bir zat hakydaňda aýlanýar. Ata-babalarymyz dünýä ýüzünde ýetmişden gowrak döwlet guranam bolsalar, ýedi yklyma ýaýylyp-ýaýranam bolsalar, olaryň ählisi üçin şol wagt hem ýekeje Watan bardy. Türkmeniň Watana bolan söýgüsi belentdir. Ata-babalarymyz öz perzentlerini belent watançylyk ruhunda terbiýeläpdirler. Şonuň üçin halkymyzyň ady taryhyň islendik döwründe-de dilden düşenok. Mertlik, merdanalyk, garadangaýtmazlyk, gözsüzbatyrlyk ýaly duýgular parasatlylyk, paýhaslylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler bilen utgaşyp, hakyky türkmen häsiýetini emele getirýär.

Şatlyk ÖWLÜÝÄGULYÝEW,
maýor.
Beýleki habarlar