Taryha şan goşýan wakalar

21 Ýanwar 2021
1424

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki şanly ýyl taryha ýaň salýan wakalara ulaşýar. Ýaňy-ýakynda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol şahasynyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy üstaşyr akymlarynyň, şeýle-de «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi hem şeýle diýmäge esas berýär. Bu desgalaryň açylyş dabaralary şanly ýylymyzyň başyndaky buýsançly wakalar hökmünde kalbymyzy joşdurdy, göwünlerimize ganat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Çärjew etrabynda dabaraly ýagdaýda işe girizen «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga uly ähmiýetli taslamalaryň biridir. Bu waka dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak, baý uglewodorod serişdelerimizi doly derejede ulanmak babatdaky tagallalarda ähmiýetli bolmak bilen, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga özboluşly itergi berýär.

Oguljennet BÄŞIMOWA,
Kaka etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.
Beýleki habarlar