Parlak geljegimiziň ýoly

20 Ýanwar 2021
1662

Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyz her ýyl uly dabara bilen bellenilýär. Bu şanly sene mähriban Watanymyzyň ýyl-ýyldan gülläp ösýändigini, kuwwatly, abraýly döwlete öwrülýändigini äşgär edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlar hakynda oýlananyňda, ilki bilen gurlan belent-belent binalar, desgalar göz öňüňe gelýär. Elbetde, olar biziň durmuşymyzy, ýaşaýyş şertlerimizi ýokary derejelere ýetiren ägirt uly ösüşleriň anyk netijeleridir.

Ýurtbaştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen eziz Diýarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda, uzak bolmadyk möhletde tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Bu gün obalarymyzyň, şäherlerimiziň ajaýyp keşbi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyndan habar berýär we göwünleri galkyndyrýar. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň öz halkynyň arzuw- islegini, bähbitlerini ähli zatdan ileri tutup alyp barýan syýasatydyr.

Dursun ROZYKULYÝEWA,
welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar