Geljegi nazarlaýan gatnaşyklar

20 Ýanwar 2021
1595

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty halkara parahatçylygy üpjün etmegiň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine ýardam etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, energetika we kommunikasiýa ulgamlary boýunça durmuşa geçirýän taslamalaryna hem dünýä bileleşigi aýratyn gyzyklanma bildirýär. Milli Liderimiziň bu ugurlarda ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň biragyzdan goldanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyz hem-de tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan taryhy wakalara şaýat bolduk. 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda iri düzümleýin desgalaryň birbada üçüsi — Akina — Andhoý demir ýoly, Kerki — Şibirgan elektrik geçirijisi hem-de Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy açylyp, ulanylmaga berildi. 15-nji ýanwarda bolsa döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi. Bu iri desgalaryň ählisi-de taslama gatnaşyjy ýurtlaryň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge niýetlenendir.

Gahryman ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar