Taryhy başlangyçlaryň rowaçlygy

20 Ýanwar 2021
1721

14-nji ýanwarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagynda Akina — Andhoý menzilleriniň aralygyndaky, uzynlygy 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kW, uzynlygy 153 kilometr bolan elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sene ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy wakalar boldy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda bolup geçen bu taryhy wakalar halkymyzda uly seslenme döretdi. Şu mynasybetli, ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumynyň guramagynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler jaýynda, gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde, nebitgaz, oba hojalyk hem-de maliýe we ykdysadyýet toplumlarynyň guramagynda olaryň degişli mejlisler jaýlarynda maslahatlar geçirildi.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar