Ýurdumyzyň welaýatlarynda

19 Ýanwar 2021
1934

KERAMZIDIŇ ÖNÜMÇILIGI ARTÝAR

AHAL. Welaýatyň Ak bugdaý etrabyndaky Ýaşlyk keramzit zawody geçen ýyly ýokary görkezijiler bilen jemlän kärhanalaryň biridir. Ýurdumyz üçin zerur bolan we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýan bu kärhanada geçen ýylda 10 million 19 müň 504 manatlyk keramzit öndürilip, bu babatdaky ösüş depgini 110 göterime barabar boldy.

(Öz habarçylarymyz).
Beýleki habarlar