Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada

18 Ýanwar 2021
1694

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýyl ýatdagalyjy wakalary bilen üstünlikli tamamlandy. Garşy alnan 2021-nji ýylda bolsa, geçip barýan günleriň hatary bizi şanly senä — berkarar Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini, halkymyzyň jebisligini hem-de agzybirligini alamatlandyrýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barha golaýlaşdyrýar.

Eziz Diýarymyzda geçen ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenildi. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütünleri, goşa ganaty bolan Garaşsyzlygyň hem Bitaraplygyň şanly seneleri sazlaşykly utgaşyp, toýlary goşa-goşadan gelýän ýyllary bagta besleýär. 2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň täze taryhyna girdi. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy döwletli Diýarymyzyň at-abraýyny artdyrýar, agzybir hem asuda halkymyzyň kalbynyň päkizeligini aňladýar.

Altyn HYDYROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar