Şekillere siňen gözellik

18 Ýanwar 2021
1866

Pasyllaryň hersiniň özboluşly owadanlygy, özüne çekiji ajaýyp bir keşbi bar. Gyşda tutuş barlyk ak gar bilen örtülse, bahar gelende, tebigat janlanýar, meýdanlar al-ýaşyl begrese bürenýär. Jöwzaly tomusda miwelerini bolluk bilen eçilen baglaryň ýapraklary tyllaýy güýz gelende älem-jahanyň ýüzüni altynsow reňke boýaýar. Pasyllaryň tebigata eçilýän tükenmez bu üýtgeşik gözellikleri islendik ynsany özüne bendi edýär. Ol aýratyn hem döredijilik bilen meşgullanýanlary biparh goýanok. Welaýatymyzyň Çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň suratkeşleri hem şeýle gözellikleri öz eserlerinde şekillendirmekden uly lezzet alýarlar. Biz muňa «Arkadagly Watan ― türkmeniň bagty, Bitaraplyk saçýar ýollara ýagty» ady bilen geçirilen sergi bäsleşiginde hem ýene bir gezek göz ýetirdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigi ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykardy. Biz bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny beýan edýäris.

Selbi  RUSLANOWA,
Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy:

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Bahar JUMANAZAROWA.