Jümle-jahan habarlary

18 Ýanwar 2021
1058

Sagano — bambuk tokaýlygy

Sagano bambuk tokaýlygy Ýaponiýanyň iň gözel ýerleriniň biridir. Ol ýurduň Kioto şäheriniň günbatar eteginde, Araşiýama seýilgähinde ýerleşýär. Bu tokaýlygyň tutýan umumy meýdany 16 inedördül kilometre barabar bolup, onda gös-göni ösýän bambuklaryň müňlerçe düýbi bardyr. Täsin tokaýlygy XIV asyrda ussat bagban Muso Soseki döredipdir. Bu ýer diňe bir adatdan daşary gözelligi bilen däl, eýsem, şemalyň ýuka bambuk baldaklary bilen galtaşmagy netijesinde döreýän özboluşly sesiň ýaňlanýandygy bilen hem meşhurlyk gazandy. Sagano tokaýlygyna gelýänler gulaga ýakymly owazyň rahatlandyryjy täsiriniň bardygyny belleýärler. Şol sebäpli bu täsin ýer ýurduň ilatynyň we dünýäniň jahankeşdeleriniň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar.

Beýleki habarlar