Ýaşlar röwşen geljegimiz

14 Ýanwar 2021
1317

Bedew batly ösüşlere beslenen bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny gorap saklamak, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini hem-de tärlerini kesgitlemek maksadynda ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň hukuk ýörelgeleri esasynda yzygiderli işler amala aşyrylýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 8-nji ýanwarynda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy munuň aýdyň mysalydyr.

Maksat BABAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar