Ýol görkeziji şamçyrag

13 Ýanwar 2021
1200

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ägirt uly ösüşlere beslenýär. Mähriban türkmen halkymyz bagtly durmuşda ýaşaýar.

Ajaýyp zamanamyzda Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmagy başarýan kämil, watansöýüji nesli terbiýelemekde biziň — mugallymlaryň öňünde uly wezipe durýar. Adamzat jemgyýetiniň asyrlaryň dowamynda toplan tejribesi bolsa çaga terbiýesiniň diýseň çylşyrymlydygyna şaýatlyk edýär. Bu mesele ata-eneden, terbiýeçiden, mugallymdan, tutuş jemgyýetden köp zähmet, wagt, ukyp talap edýär.

Täzegül SATLYKOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 10-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar