Gül-gülüstan Aşgabat

11 Ýanwar 2021
1521

Gyş paslynda ümür-dumanly bulutlardan gar tozgalarynyň ýagyp durmagyny aklyga, päklige deňeýän ildeşlerimiz «Ak zat alnyňa ýagşy» diýip umyt-arzuwlar bilen ýüzlerine sylýarlar. Şu günler öz işiniň ussady bolan gül we bag ösdürip ýetişdirýän bagbanlaryň halal zähmetiniň miwesi bolan gyş gülleri has-da terlenip, paýtagtymyza täsin öwüşgin çaýýar. Daş-töweregimiziň bagy-bossanlyga bürenmegi diňe bir ajaýyp gözellikleri döretmek bilen çäklenmän, her bir ynsanyň arassa howadan dem almagy üçin hem örän peýdaly. Gyş paslynyň ilkinji günlerinde döreýän tebigy gözellikler ynsana uly güýç berýär, ony täze ýeňişlere, üstünliklere ruhlandyrýar. Täze gurlup ulanylmaga berlen täsin öwüşginli desgalary bilen mähriban paýtagtymyz has-da gözel görke eýe boldy.

Dünýä ülňülerine gabat gelýän, biri-birinden owadan, iki gyrasy hoştap ysly ter güllerdir şabram şelpeli baglar bilen jäheklenen köçeleri, şaýollary, seýilgähleri, läle-reýhana beslenýän ýurdumyzyň baş şäheriniň gyş gözelligini görmäge göz gerek. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän şähergurluşyk maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň, şol sanda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň ulanylmaga berilmegi ýatdan çykmajak şanly pursatlara öwrüldi. Ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyp, töwerek-daşyna bag nahallarynyň, ter gülleriň ekilmegi paýtagtymyzyň bu künjeklerinde örän owadan görnüşi emele getirdi.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar