Ösüşli ýollarda ynamly gadamlar

11 Ýanwar 2021
1297

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň we depginli ösüşleriň ajaýyp miweleri eşretli ertirimize bolan ynamy has-da artdyrýar. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler bolsa hatarlanyp, biri-biriniň üstüni ýetirip dur. Ýylyň ýyldan zyýada bolşy ýaly, 2020-nji ýyl tutuş halkymyz üçin hem, ýurdumyz üçin hem buýsançly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly dürli syýasy wakalary özünde jemledi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýylyň tutuş dowamynda geçirilen çäreler, duşuşyklar, halkara maslahatlary ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň halkara ähmiýetini has hem artdyrdy.

Bilşimiz ýaly, üstünlikli jemlenilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary esasynda Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly Konstitusion özgertmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň halk köpçüligi tarapyndan makullanylmagy we kabul edilmegi ýylyň ýatda galyjy pursatlarynyň biri boldy. Bu Konstitusion kanuna laýyklykda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly milli parlamentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň palatalary bolsa, Halk Maslahaty we Mejlis diýlip atlandyryldy. Şeýle hem onda parlamentiň palatalaryny döretmegiň, maslahatlaryny geçirmegiň, degişli kanunlary taýýarlamagyň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna we Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri saýlamagyň kadalary beýan edilýär. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilen Konstitusion Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda, halk häkimiýetiniň ornuny ýokarlandyrmakda möhüm ädim boldy.

Baýly GURBANKULOW,
Halaç etrap, şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar