«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Ýer ýüzüniň çar künjeginde — Aziýa, Ýewropa, Amerika yklymlarynda dürli mazmunly çäreleriň 170-e golaýy geçirildi. Şahyryň gymmatly mirasy ÝUNESKO, TÜRKSOÝ ýaly ýöriteleşdirilen düzümleriň hem üns merkezinde boldy. Şanly ýylyň ahyrky günlerinde-de türkmen halkynyň beýik oglunyň ady ýene bir täze meýdançada — Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) ştab-kwartirasynda ýaňlandy. Golaýda şol ýerde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde iş saparynda boldy.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) adamzadyň maddy we ruhy medeniýetini goramak, öwrenmek, wagyz etmek babatda tutuş dünýä derejesinde iş alyp barýan iň esasy düzüm hasaplanýar. Türki giňişlikde bu wezipäni Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) ýerine ýetirse, musulman dünýäsinde Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ICESCO) hut şu ugra ýöriteleşen düzüm hökmünde ykrar edilýär. 1979-njy ýylyň maýynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan döredilen ICESCO-nyň maksady gurama agza ýurtlaryň arasynda bilim, ylym, medeniýet, kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekden, halklaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge ýardam etmekden ybarat. Şu nukdaýnazardan, Marokkodaky çäreleriň öňüsyrasynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň ICESCO-nyň Baş direktory Salem bin Mohammed Al Malik bilen geçiren duşuşygynda-da ýurtlardyr halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarda medeni diplomatiýanyň ähmiýetine aýratyn üns çekilip, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.