Tomaşaçylara şatlykly pursatlar garaşýar

1 gün öň
58

Täze ýyly şatlyk-şowhun bilen garşylamak ruhubelent halkymyzyň asylly däpleriniň biridir. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň medeni ojaklary hem bagtyýar watandaşlarymyz üçin baýramçylyk sowgatlaryny taýýarlady. Baýramçylyk günlerinde teatrlaryň hem sirkleriň myhmanlary boljak watandaşlarymyzy Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba bilen Garpamyk, şeýle hem Japbaklar, Ýartygulak, Akpamyk, akylly Ahmet, Mämmetjan ýaly halk ertekileriniň, milli senenamanyň müçe ýyllarynyň gahrymanlary garşylarlar. Olar bilen surata düşmek çagalar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüler. Zehinlije çagalar Aýazbabadan süýjülik toý paýlaryny alarlar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde Täze ýyla bagyşlanan sahna oýunlarydyr baýramçylyk tomaşalary dekabryň 28-inden 31-ine çenli her gün sagat 19:00-da başlanar.

(Ýörite habarçymyz).