Ekin dolanyşygy

7 Ýanwar 2021
1729

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy. Ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, agrosenagat pudagyna aýratyn üns berilýär. Çünki oba hojalyk pudagyny ösdürmek döwletimiziň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de sahawatly topragymyzda öndürilýän ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Oba hojalygynda ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygy talabalaýyk we ekinleriň görnüşlerine görä ýola goýlanda gowaçadan, bugdaýdan, şalydan, gök-bakja we beýleki ekinlerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik döredýär.

Hojamyrat IŞANKULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar