Ýaş türgeniň üstünligi

6 Ýanwar 2021
1783

Golaýda ýylyň ýeňil atletikaçylary baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi. Bütindünýä ýeňil atletika bileleşigi (WA) 2020-nji ýylyň erkek ýeňil atletikaçysy diýip şwesiýaly Armand Duplantisi saýlady. Zenanlaryň arasynda bolsa wenesuelaly Ýulimar Rohas bu derejä mynasyp boldy. Syrykly bökmegiň täze ýyldyzy Duplantis 2020-nji ýylda birnäçe dünýä rekordyny goýdy. Ol ýapyk desgalarda geçirilen ýaryşlarda bir hepdäniň dowamynda dünýä rekordyny 2 gezek täzelemegi başardy. Duplantis ilki 6,17 metre böküp fransiýaly Reno Lawilleniň, soňra 6,18 metr beýge böküp, öz rekordyny täzeledi. Şeýle-de, ol adaty meýdançalarda ukrainaly ýeňil atletikaçy Sergeý Bubkanyň 26 ýyllyk rekordyny (6,14 metr) hem 6,15 metrlik görkeziji bilen öz adyna geçirdi. 21 ýaşyndaky Duplantis ýylyň ýeňil atletikaçysy diýlip saýlanan iň ýaş türgen boldy.

Zenanlaryň arasynda bu hormata laýyk görlen Ýulimar Rohas hem ýapyk desgalarda üçürdikläp bökmekde dünýä rekordyny täzeläpdi. Wenesuelaly ýeňil atletikaçy 15,43 metre böküp, rekordyň täze eýesi boldy. 25 ýaşly Rohas 2016-njy ýylda Rio Olimpiadasynda kümüş medal gazanypdy. Rohas hem edil Duplantis ýaly bu derejä ilkinji gezek mynasyp boldy.

Beýleki habarlar