Zehiniň, zähmetiň sazlaşygy

4 Dekabr 2024
234

Okanyňda oýlandyrýan, öňden bar bolan düşünjäňi baýlaşdyrýan, seni-de döretmäge hyjuwlandyrýan kitap kitaplaryň naýbaşysydyr. Ine, pedogogika ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň ussat mugallymy Çary Gurbangeldiýewiň «Ýagşyny älem arzuwlar» we «Halk ýamanyň bizarydyr» atly kitaplary-da şeýle neşirleriň hilinden. Ady agzalan kitaplar akyldar şahyr, türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar. Turuwbaşdan kitaplaryň awtory barada kelam agyz. Çary Gurbangeldiýew Türkmenistanyň orta mekdepleri we mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleri üçin «Fizikadan» 40-a golaý okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlan awtorlaryň biri, şeýle-de ol orta mekdepde fizikany okatmagyň usulyýeti boýunça hem-de terbiýeçilik, ylmy-edebi mazmunly onlarça makalalaryň awtorydyr. Çary Gurbangeldiýew ömrüniň 50 ýyl çemesini ýaşlara ylym, bilim bermäge, okuw neşirlerini taýýarlamaga sarp etdi. Häzirki döwürde, hormatly dynç alyşda, muňa garamazdan, ol on iki ýyllyk orta mekdepleriň okuwçylary üçin fizikadan okuw kitaplaryny taýýarlamak işini we döredijilik bilen meşgullanmagyny dowam etdirýär. Biz Çary Gurbangeldiýew bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bile işledik. Köp taraplaýyn bilimli, örän zähmetsöýer Çary Gurbangeldiýew sypaýy, medeniýetli, agras şahsyýet. Kelç-külçlügi halamaýar. Ikiçäk gürrüňdeşlikde ol zähmet rugsadyna çykyp, döredijilik bilen meşgullanmagy arzuw edýändigini aýdardy. Ine, bu gün ol şol arzuwyna ýetdi.

Çary Gurbangeldiýew fizikadan hünärmen. Ol türkmen dutaryna ussatlyk bilen erk edýän, diňläniňe degýän, märekäni güýmäp biljek sazanda. Saz — sungat, fizika — takyk ylym. Hakyky fizikler sazy söýüpdirler, ondan gowy baş çykarypdyrlar. Dünýä belli, Nobel baýragynyň eýeleri fizik, atomşikler Ernst Rezerford, Pýotr Kapitsa meşhur kompozitorlar Skrýabiniň, Strawinskiniň, Prokofýewiň sazlaryny diňläpdirler. Kembrij teatrynda goýlan Anton Çehowyň «Wanýa daýy» spektaklyna şol döwrüň meşhur fizikleri tomaşa edipdirler. Öz döwrüniň meşhur skulptory Erik Gilliň «Ylham çeşmesi» barelýefini Rezerfort gymmatlyk hökmünde saklapdyr. Ýeri gelende, bu sklupturany Pýotr Kapitsa öz gazanjyndan töläp satyn alypdyr. Bu bir ýeke mysal. Dünýä belli fizikler Albert Eýnşteýniň, Nils Boruň sungat eserlerine beýik sarpalary baradaky mysallar näçe diýseň bar. Ylym akylyňy baýlaşdyrýar, sungat akyl-huş bilen birlikde duýgyňa täsir edýär. Duýgy hyjuwlandyrýar, gözellige bolan söýgini döredýär, ylham-joşgun berýär, ýaşamaga, döretmäge gaýratlandyrýar. Bularsyz döretmek mümkin däldir, beýik-beýik açyşlary etmek asla-ha mümkin däldir.

Muhammetguly AMANSÄHEDOW,
filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ussat mugallymy.