Parahatçylyk owazlary

21 Noýabr 2024
253

Şanly ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň taslamasy boýunça ilkinji gezek Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 160 sazandany özünde jemleýän «Parahatçylyk owazy» atly üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň birleşen orkestri döredildi.

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Parahatçylyk owazy» birleşen orkestriniň ilkinji konserti geçirildi. Orkestre Kowus Bäşimow we Gurbanberdi Begenjow dirižýorlyk etdiler. Baýramçylyk konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetiren «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan» atly aýdymy bilen açyldy.

Ýörite habarçymyz.