Halkyň saglygy — ýurduň baş baýlygy

21 Oktýabr 2024
291

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi esasynda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak babatda-da täze wezipeler öňde goýuldy. Şoňa görä, Diýarymyzda halkyň saglygy baradaky alada hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Lukmanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin hem, raýatlaryň öz saglygyny dikeltmegi üçin hem döwrebap şertler döredilen saglygy goraýyş desgalary zerur. Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, 9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri lukman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň döwrebap binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysaly boldy. Şol gün Diýarymyzyň sebitlerinde, has takygy, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasynyň-da açylmagy ulgamyň döwrebap desgalarynyň üstüniň yzygiderli ýetirilýändigini tassyklaýar.

Mähri NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.