Uniwersiada badalga berildi

19 Oktýabr 2024
237

16-njy oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Oňa sport hünärmenleridir ýokary okuw mekdepleriň talyp toparlary gatnaşdy. Dabara turuwbaşdan baýramçylyk ruhuna beslendi. Ýokary okuw mekdebimiziň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz, tans toparynyň çykyşlary, toplumyň meýdançasynda peýda bolan ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça öz başarnyklaryny görkezmekleri çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.

Uniwersiadanyň esasy maksady sportuň dürli görnüşleri boýunça ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, ýokary okuw mekdeplerinde sportuň olimpiýa görnüşlerini ýaýbaňlandyrmak, ýaşlarymyzyň Bütindünýä uniwersiada we beýleki abraýly halkara ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.