Köwük

10 Sentýabr 2024
48

Köwük ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişlidir. Bu pişigiň meýdan alamatlary barada gysgaça aýtsak, ululygy öý pişiginiňki ýalydyr. Onuň bedeniniň uzynlygy 40—57 santimetre, guýrugynyňky 23—35 santimetre çenli bolup, aýaklary gysgarakdyr. Gulaklary uly, çowly uçluja bolup, duluklaryndaky tüýler ösgün, sakgalsap ýaly sallanýarlar. Köwügiň arka tarapy garamtyl-çal reňkde bolup, bedeniniň aşak tarapy ak reňklidir.

Köwükler Garagumdaky Darjagum çölünde, Oktümgum, Çilmämmetgum, Üçtagan, Günorta Gaplaňgyr, Obruçew sähralygynda we Sandykly çölünde duş gelýärler. Olar häzirki döwürde Köýtendagyň dag-etek düzlüginden we Etrek jülgesinden ýitdiler. Köwükleriň ýaşaýan ýerleri sazak, sözen, gandym we ownuk gyrymsy agaçlar bilen örtülen berkeşen we ýarym berkeşen çägeliklerdir. Olar gür gara sazakly ýerlerde we aklaň çägeliklerde seýregräk gabat gelýärler, dag etekleriniň toýunsow we kertli ýerlerine örän seýrek barýarlar. Köwükler ýurdumyzyň çäginden başga-da, Arabystanda, Sinaý ýarym adasynda we Sahara çölünde ýaşaýarlar.

Hudaýberdi IŞANÝAZOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar