Suwy tenekardyr, palçygy melhem

9 Sentýabr 2024
26

«Daşoguz» şypahanasy dynç alýanlaryň iň arzyly mesgenine öwrülýär

Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny berkitmekde hem-de raýatlarymyzyň ählitaraplaýyn dynç almagyny guramakda ýerlerdäki şypahanalaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda ýerleşýän 200 orunlyk döwrebap «Daşoguz» şypahanasy hem bu günki günde halkymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu şypahana Gahryman Arkadagymyzyň 2014-nji ýylyň tomsunda welaýata eden iş saparynyň çäklerinde hut özüniň ak pata bermegi bilen halkymyza sowgat eden ajaýyp desgalarynyň biridir. Şol taryhy günden bäri bolsa bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelýän ildeşlerimiziň müňlerçesi öz saglygyny dikeltmäge hem-de ýokary derejede dynç almaga mümkinçilik aldylar. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň hem bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Dädebaý NARTYÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar