Okuw-maslahat geçirildi

30 Awgust 2024
65

29-njy awgustda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hünärmenleriniň, sport mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde okuw-maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň kiçi mejlisler zalynda guralan maslahatda komitetiň sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy J.Jumaýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologiki üpjünçilik kafedrasynyň uly mugallymy O.Ýalkapowanyň sport mekdeplerinde okuw-türgenleşik sapaklarynyň alnyp barylýan döwründe arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegine we dogry iýmitlenmegiň türgenleriň ösüşine ýetirýän täsiri baradaky çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Institutyň uly mugallymy O.Geldimyradowa okuw-türgenleşik sapaklary döwründe lukman we pedogogika gözegçilikleriniň ýola goýulmagy barada çykyş etdi. Şeýle hem welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirlikleriniň ýanynda döredilen usulyýet toparlary tarapyndan alnyp barylmaly işler barada usulyýet kabinetiniň müdiri K.Işanow giňişleýin gürrüň berdi. Sport mekdeplerinde iş dolandyryş resminamalarynyň talabalaýyk alnyp barylyşy barada hem durlup geçildi.

Merdan MAZAKOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar