Watançy hem zähmetsöýer ynsan

22 Awgust 2024
214

Halkymyzyň şöhratly taryhynyň her bir döwründe Watana wepaly hyzmat edip, görelde görkezen görnükli şahsyýetler hakyndaky ýatlamalary okanyňda, olaryň nusgalyk ömrüniň, il-ulsuň öňünde bitiren işleriniň sarpasynyň ýyllara däl-de, asyrlara uzajakdygy barada oýlanýarsyň. Olaryň jemgyýetiň ösüşi üçin bitiren işlerini hormatlamak, geljekki nesillere ýetirmek, bir tarapdan, halypa-şägirtlik ýörelgesiniň mynasyp dowam etdirilmeginde, beýleki bir tarapdan, häzirki ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde juda ähmiýetlidir.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň pajygaly wakalaryny başdan geçiren, şeýle hem döwri aýdyň şöhlelendirýän, sahypalarynda halkyň durmuşyny beýan edýän metbugat neşirlerinde işlemek bilen, türkmen žurnalistikasynyň ösüşine uly goşant goşan, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mämmet Badaýew hem il-güne, hem zähmete söýgüsi bilen şeýle nusgalyk ömri ýaşan ynsanlaryň biri. Onuň, hususan-da, gazet işindäki köp ýyllyk tejribesinden ýatlamalary, bellikleri, şol döwrüň ýaş žurnalistlerini kämillige ýetiren maslahatlary gymmaty egsilmejek görelde mekdebidir.

Annaguly IŞANGULYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar