Dünýädäki iň uly aýsberg hereket edip başlady

3 Dekabr 2023
1503

Takmynan, 4000 inedördül kilometr meýdany tutýan äpet buz bölegi hereket edip başlady. Bu hakda «Euronews» habar berdi.

«A23a» ady bilen bilinýän dünýäniň iň äpet buz bölegi kontinentden 1986-njy ýylda aýryldy hem-de şu wagta çenli Weddel deňzinde hereketsiz ýatdy. Degişli hünärmenler aýsbergiň herekete geçmegini howanyň temperaturasynyň gyzmagy bilen düşündirýärler.

Taýýarlan: Mahym ÝAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar