Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty – tebigatyň goraglylygynyň kepili

24 Noýabr 2023
1917

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy, bioköpdürlüligi goramak hem-de artdyrmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda “Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň” rejelenen görnüşi, şeýle hem Milli tokaý maksatnamasy we olary ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamalary kabul edildi. Ýurdumyzda tebigaty goramagyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, şol sanda halk hojalyk pudaklary tarapyndan ekologiýa howpsuzlygynyň we ekologiýa gözegçiliginiň ta-laplary, suwy aýawly we netijeli ulanmak, aýratyn goralýan tebigy ýerleri aýawly saklamak boýunça ekologiýa talaplary gyşarnyksyz ýerine ýetirilýär. Bu talaplaryň berjaý edilmegi adamlaryň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şertidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy we biologik köpdürlüligi goramak, tebigy gorlary aýawly ulanmak, innowasiýalaýyn “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurduň ykdysadyýetinde we durmuş ulgamynda durmuşa geçirilýän uly möçberli işler hem ekologiýa bilen jebis baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan daşky gurşawy goramak, tebigy gorlary netijeli we aýawly ulanmak bilen baglanyşykly halkara derejesindäki wezipelere hem Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynda möhüm ähmiýet berilýär.