Abadançylygyň möhüm şerti

17 Noýabr 2023
1718

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine wajyp orun degişlidir. Çünki ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösmegi energiýanyň öndürilişiniň artdyrylmagyny talap edýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, energetikanyň ösmegi halk hojalygynyň hemme pudaklarynyň gurluşyna we düzümine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerine güýçli täsir edýär. Elbetde, energiýanyň sarp edilişiniň depgininiň artmagy daşky gurşawa hem täsirini ýetirýär. Şol sebäpden-de, soňky ýyllarda daşky gurşawa adam işjeňliginiň oňaýsyz täsirini azaltmak maksady bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmaga gyzyklanma artýar. Emma suwotulardan alynýan bioýangyç, gün panelleri, ýel elektrik beketleri, wodorod energetikasy ýaly ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň artmagy abadan geljege ynam döredýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, ylmy-önümçilik merkezlerinde hem bu ugurda oňyn netijeler gazanylýar.

Serwi NURYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar