"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Otuz ýylda dörän simfoniýa

Weli Muhadow türkmen professional saz sungatynda simfonizmiň binýadyny goýan beýik kompozitordyr. Ol 1916-njy ýylda Aşgabadyň golaýyndaky Bagyr obasynda dogulýar. Ýaşlykdan aýdym-saz sungatyna imrigen ussat kompozitor heniz talyp döwründe döreden «Türkmen sýuitasy» hem-de «Meniň Watanym» simfoniki poemasy üçin iki gezek Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Ol 1954-nji ýylda Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň başlyklygyna saýlanýar. 1961-nji ýylda bolsa oňa Türkmen döwlet filarmoniýasynyň direktory we çeper ýolbaşçysy wezipeleri ynanylýar. 1972-nji ýylda Weli Muhadow aýdymlar ýygyndysy üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi bolýar. Dutary fortepianodan kem görmedik ussat tamdyranyň iki kirşiniň näzik owazyny fortepianonyň köp öwüşginli owazyna garyp, türkmen simfoniýasyny döretdi.

Pyragydan ylham alan

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda beýik akyldar şahyryň ilkinji portret keşbini döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň hem doglan gününiň 100 ýyllygy bellenilýär. Şekillendiriş sungatynyň meşhur ussadynyň ýubileýi mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini we türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda «Pyragydan ruhlanan ussat» atly forumy guramak göz öňünde tutulýar. Meşhur suratkeş Aýhan Hajyýew Köpetdagyň etegindäki Bagyr obasynda dogulýar. Ol 11 ýaşyndaka kakasy Annamuhammet aga aradan çykýar. Aýhan ýaşlygyndan öz dogduk obasynyň baglaryny, Köpetdagdan inýän gözel çeşmelerini höwes bilen suratlandyrypdyr. Onuň tebigy zehinine ejesi Ogulbossan daýza we daýysy aýratyn üns beripdirler.

Kitaphanaçylyk işi kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan kitaphana ulgamynyň işi döwrebap ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alşylýar. Uly üstünlikler bilen tamamlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri hem daşary ýurtlaryň birnäçesinde bolup, kitaphana ulgamyny ösdürmek maksady bilen geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar. Geçen ýylyň 11 — 14-nji sentýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVI forumy geçirildi. Şol forumyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň A.Osmanow adyndaky Milli kitaphanasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň adyndan Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly kitaby sowgat edildi. Şeýle hem 18 — 23-nji sentýabr aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli kitaphanasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp Baku şäherinde «Milli kitaphanalar — halklaryň ruhy baýlygynyň goragçylary» atly ylmy-amaly maslahat, Ýewraziýanyň Kitaphanalar Assambleýasynyň umumy ýygnagy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Milli kitaphanalarynyň direktorlarynyň 6-njy maslahaty, 50-den gowrak döwletiň gatnaşmagynda ylmy konferensiýa geçirildi. Üç günläp dowam eden konferensiýada esasan sanl

Joşguna beslendi

Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda Änew şäherindäki medeniýet öýünde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň we beýleki ildeşlerimiziň gatnaşmagynda geçen maslahat «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent pähim-paýhasy, dünýä dolýar Magtymguly Pyragynyň sarpasy» diýlip atlandyryldy. Medeni ojagyň toý äheňindäki eýwanynda guralan kitap sergisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitabynyň, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän gymmatly eserleriniň görkezilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Watanperwerlige ýugrulan eserler

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendiriş sungatynda» atly muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açyldy. Bu ýerde Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüni we şol döwrüň taryhy wakalaryny çeper beýan edýän kyrka golaý eser görkezilýär. Olaryň arasynda Magtymgulynyň şygyrlaryna bagyşlanan eserler bilen birlikde beýleki nusgawy söz ussatlarynyň portretleri hem bar.

Näzik kirişleriň bolan bolsadym...

Şol gün teleýaýlymda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry gidip durdy. Men türkmen dutarynyň hoş owazyna maýyl bolup, hem bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryny diňleýärdim, hemem ruhum galkynyp, öý işleri bilen meşguldym. Bäsleşigi alypbaryjy: «Türkmen halk sazy «Hajygolak». Çalýar Murgap etrabyndan Ogulnabat Berdiýewa» diýip yglan edende: «Beh, bu «Saýra dutarymy» aýdýan doganlar Berdiýewalaryň Ogulnabadymyka?» diýen pikir kelläme urdy. Telewizoryň öňünde oturdym. Sahna orta boýly, eli dutarly gyz çykanda, onuň başga Ogulnabatdygyny gördüm. Dutaryň kirişleri düzülip, saz ýaňlanyp başlady. Onuň inçejik barmaklaryna gelişýän çalasyn hereket bilen dutaryň kirişlerine erk edişine, «Hajygolagy» perdeden-perdä ussatlyk bilen geçirip, kakuwyny ýetirip, şeýle owadan, ýürege ýakyn çalşyna haýran galdym, sebäbi bu saz agyr sazlardan hasaplanýar. Şonuň üçin «Hajygolagy» diňe erkek kişiler çalýandyr öýderdim.

Hindi melegi

1981-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Hindistanyň Bombeý şäherinde «Bolliwudyň» aktýorlary Dharmendra bilen Hema Malininiň maşgalasynda Eşa atly ilkinji perzentleri dünýä inýär. Mekdep ýyllarynda Eşa futbol oýny bilen gyzyklanýar, ilki ýarym goragçy, soňra bolsa mekdebiň futbol toparynyň kapitany bolmak bilen, onuň ýolbaşçylyk edýän topary döwlet derejesinde geçirilýän oýunlarda gowy netijeler gazanýar. Şeýle bolansoň, ony Hindistanyň futbol boýunça zenanlar milli toparyna saýlaýarlar. Ol gandbol oýnunda hem üstünlikli çykyş edýär. Eşa Deol Tahtani 2002-nji ýylda özüniň aktýorlyk ýoluna Winaýa Şuklynyň «Kim meniň ýüregimden sorar» filminde baş keşbi ýerine ýetirmek bilen başlaýar. Bu filmde Hindistanyň ençeme belli aktýorlary çykyş eden hem bolsa, Eşanyň döreden keşbi kino tankytçylarynyň ünsüni çekýär. Bu film oňa şöhrat getirýär, ol birnäçe sylaglara, şeýle hem iň gowy zenan keşbi üçin «Filmfare Awards» baýragyna mynasyp bolýar.

Sungat äleminde

Amanat gursakly halypa Hojageldiniň atasyna Batyr Gurt diýipdirler. Batyr Gurt kolhoz gurluşygy döwründe öňe çykan adamlaryň biri. Goja şahyrymyz Ata Täzebaýyň “Goja başlyklar” atly meşhur şygrynyň gahrymany kimin ýowuz ýyllarda halkynyň gerdenine düşen ýüki deň çekişen Batyr Gurdy obadaşlary ýagşylykda ýatlaýarlar.

Sungatym bar — hormatym bar

Yhlas ýerine düşýär Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde hem-de dünýä ýaýmakda iňňän uly işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bilşimiz ýaly, şeýle tagallalarda aýdym-saz sungatyny ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda aýdym-saza höwesek zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň aýdym-saz sungatynda döredijilikli ukyplaryny has-da kämilleşdirmekde alnyp barylýan giň möçberli işler giň gerime eýe bolýar. Şu meseläniň bähbitli çözgüdinde çagalar sungat mekdeplerine uly orun degişli bolup durýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – milli terbiýäniň nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge hem-de ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlarynyň agramly bölegi ahlak terbiýesine, ylym-bilime bagyşlanypdyr. Şoňa görä-de, akyldar şahyrymyzyň döredijiligi her bir ata-ene, mugallym we terbiýeçi üçin gymmatly bolup durýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgulary özüniň çeperçilik derejesi, many çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuny, ynsanperwer ideýalary bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orny eýeleýär. Şahyr şygyrlarynda gadymy we orta asyrlar edebiýatynyň däplerini dowam etdirmek bilen, türkmen edebiýatynda şahyrana mekdep döretdi. Söz sungatynyň beýik ussady durmuşda, halkyň, adamlaryň ýaşaýşynda ýüze çykýan meselelere aýratyn ähmiýet beripdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz Watanymyzy ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe sary alyp barýarlar. Ösüşli menzillerde bolsa dünýä döwletleriniň kämil tejribesine hem-de milli gymmatlyklarymyza daýanylýar. Türkmen halky Magtymguly Pyragy bilen dünýä meşhurdyr. Pyragy beýik şahyr hem dana akyldar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň miras goýan şygryýet dünýäsi bu günki gün giňden öwrenilýär. Şahyryň indi üç asyra golaý wagt bäri halkyň dilinden düşmeýän goşgulary milli terbiýäniň nusg

“...Saza goşsaň, uz bolar”

Mary welaýatynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen dutarçy bagşylaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Welaýat halk döredijilik merkeziniň guramagynda Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen bu bäsleşige höwesjeň dutarçy bagşylaryň uly topary gatnaşdy. Olar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmekden, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmekden, ýaş nesilleriň kalbynda beýik söz ussadynyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmekden, akyldar şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermekden ybaratdyr.

Änew — dünýä medeniýetiniň sallançak ojagy

Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Şonuň bilen baglylykda, Täze ýylyň öňüsyrasynda 2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmeginiň resmi derejesini alamatlandyrýan nyşanyň Azerbaýjanyň Şuşa şäherinden Änew şäherine getirilmegi we şu mynasybetli joşguna beslenen dabaranyň geçirilmegi medeni çäreleriň başlangyjy boldy. Üstümizdäki şanly ýylyň dowamynda bu gadymy şäherde geçiriljek medeni, ylmy hem-de wagyz-nesihat çäreleri, şeýle-de Änew şäheriniň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň umumadamzat medeniýetindäki ähmiýeti barada gürrüň etmek maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Söhbedimizi Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler dogrusynda başlaýaly.

Bagşylaryň bäsleşigi

Ýakynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň ähli künjeginden bagşylardyr sazandalar gatnaşyp, olar öz ussatlyklaryny aýan etdiler. Bäsleşige gatnaşan bagşylar milliligimizi şöhlelendirýän bezemen sahnada oturyp, Magtymguly atamyzyň goşgularyna düzülen halk aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Ýörite düzülen eminler toparynyň agzalary bagşylaryň aýdym aýdyşyna, sesiniň saz bilen utgaşyşyna, gerek bolan tonda aýdyp bilşine baha berip, ýeňijileri saýladylar. Netijede Mary şäher bagşylar öýüniň bagşysy Rüstem Onbegiýew Magtymguly Pyragynyň “Biwepalardan” goşgusyna düzülen halk aýdymy ýerine ýetirip, 1-nji orna, Ýolöten etrap medeniýet merkeziniň bagşylar öýüniň bagşysy Allamyrat Gurbanow Magtymguly Pyragynyň “Aýryldym” goşgusyna düzülen halk aýdymy ýerine ýetirip, 2-nji orna, Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň bagşylar öýüniň bagşysy Ogulkeýik Esenowa Magtymguly Pyragynyň “Bolar sen” goşgusyna düzülen halk aýdymy ýerine ýetirip, 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan bagşylara welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Milli mirasymyza sarpa

Eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzyň ähli babatda gülläp ösmegi we halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy biziň her birimizi buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nusgawy edebiýatymyza aýratyn üns berilýär. Nusgawy edebiýatyň gymmatlyklary, esasan hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň durmuşynda, ýaşlaryň terbiýesinde uly orny eýeleýär. Sebäbi akyldar şahyryň döredijiligi ýaşlaryň kämilligi üçin, milli terbiýe üçin gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň asylly ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi nesillere uly mirasdyr. Milli gymmatlyklar, nusgawy edebiýatymyz ýaşlary bilim öwrenmäge hem ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny wagyz etmek, ýaşlara şahyryň goşgularynyň many-mazmunyny düşündirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Halypamyň pendi

Wepa Nurmuhammedow Bir gezek Türkmenistanyň halk bagşysy Tüýli Otuzow: «Adamkärçilik ynsany bezeýän ýagşy häsiýetleriň jemidir, onda-da iliň adamsy bolan bagşy-sazanda süýji sözli, açyk göwünli, sabyrly bolmak ýaraşýandyr. Adamkärçiligiňi bagşyçylygyňdan üstün goýgun. Men ençeme şägirtleri ýetişdirdim, şolara-da ilkinji öwüdim şular boldy» diýip, agtygy Batyr Tüýliýew bilen maňa ýüzlendi.

“Gyz edebi - il edebi”

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala-döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp- dessur esasynda ýöredýär. Hawa, türkmen halkynyň gyz edebine, nesil terbiýesine garaýyşlary barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň: “Gyz edebi - il edebi” diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýelden-Günden gorap kemala getiren perzendiň diňe bir boý-syratyna däl, eýsem başarnygyna, at-abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak uly bagt.Türkmen gyzy diýlende, sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz öňüňe gelýär. Gyz edebi ene-mamalarymyz üçin iň wajyp borç we jogapkärçilik hasaplanylypdyr.

Baý mirasy sarpalap

Düýn Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat we sergi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar welaýatyň Medeniýet merkeziniň dutarçy bagşy-sazandalarynyň şirin owazly aýdym-sazlary bilen garşylanyldy. Ildeşlerimiz joşgunly çykyşlar astynda sergi bilen tanyşdylar. Onda nepislik bilen ýerine ýetirilen ajaýyp el işleri, milli lybaslarymyz, bezeg şaý-sepleri, medeni mirasymyza degişli beýleki gymmatlyklar görkezildi. Welaýatyň dürli ýerlerinden gelen ussat zergärleriň, dutardyr gyjak ussalarynyň işläp oturan, gelin-gyzlaryň, el işlerini edýän mährem eneleriň ýaş gyzlara nepis halydyr halyçalaryň dokalyş usullaryny öwredýän pursatlary muzeýiň giň eýwanyndaky tomaşalaryň üstüni ýetirdi. Muzeýiň sergi bölümleri hem ýygnananlarda özboluşly täsir döretdi. Bu ýerde görkezilýän 3 müňden gowrak gymmatlygyň her biriniň baý taryhy bar. Ata-babalarymyzyň ekerançylyk medeniýetine degişli ilkinji gurallar, aňňal, soky we degirmen daşlary, dänäni hem-de beýleki önümleri saklamak üçin niýetlenen uly humlar, ilkidurmuş adamlarynyň örän seýrek duş gelýän çakmak daşdan ýasalan gurallary, türkmen zenanlarynyň, çagalaryň milli lybaslary, hojalykda ulanylan dürli göwrümdäki gap-gaçlar, ululy-kiçili torbalar, haly dokalanda ulanylýan gurallar we beýlekiler

Ussadyň döredijiligine bagyşlandy

Düýn Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde guramagynda «Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmen topragynyň gözelliginiň waspy» atly maslahat geçirildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde guralan maslahata ýurdumyzyň sungat ussatlary, Döwlet kitaphanasynyň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren edebi mirasyny öwrenmek, halk arasynda wagyz etmek häzirki günde wajyp wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Watanyny jandan söýen şahyr gözel tebigatymyzy hem örän çeper wasp edipdir. Türkmen topragynyň owadan sähralarynyň, dag gerişleriniň, jana şypaly tämiz howasynyň tarypy şahyryň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär. Maslahatyň dowamynda akyldaryň tebigata bolan söýgini beýan edýän eserleriniň çeperçilik aýratynlyklary, baý many-mazmuna ýugrulan goşgy setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýdylanlar has-da täsirli boldy. Çykyşlarda dana şahyryň çuň many-mazmuna ýugrulan goşgularynyň labyzly okalmagy çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

El hünäri — il gezer

Millilik ösdürilýär Ýaşlarda zähmet terbiýesini ösdürmek mugallym üçinem, ene-ata üçinem esasy wezipedir. Aýratyn-da, gyzlara el işlerini öwretmek ata-babalarymyzdan nusga bolup galan ýörelgedir. Çünki gyz perzent — kişi maşgalasy. Gyzlar durmuşa çykyp, bir öý-ojagyň eýesi bolansoňlar, olaryň diňe bir ylym-bilimine däl, eýsem, el işlerine hem aýratyn baha berilýär.

Sazyň gudraty

Saz adamyň pikirleniş ukybyny ösdürýän sungatyň iň kämil görnüşidir. Aýdym-saza uýgunlaşan beýni özüne zerur bolan maglumatlary gowy kabul edýär. Şeýle-de saz beýniniň has işjeň we rahat bolmagyna oňyn täsir edýär. Saz gurallaryny çalmak tebigatyň kanunlary baradaky ylym bolan fizika bilen hem baglanyşyklydyr. Mysal üçin, çaga dutaryň kirişlerini yzly-yzyna kakyp, seslendirende, onda garmoniki yrgyldy baradaky kanuna ýene bir ýola akyl ýetirýär. Hatda kirişsiz, kakylyp çalynýan saz gurallary hem yrgylda esaslanýar. Klawişli saz gurallaryny çalmak şol bir wagtyň özünde elleriň dürli hereketjeňligini talap edýär. Saz gurallaryny çalmak diňe iki eliň ussatlygyny deň ösdürmän, eýsem, özüňi rahat duýmagyňa hem ýardam berýär.