15-nji ýanwarda Türkmenistanyň beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendiriş sungatynda» atly muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açyldy. Bu ýerde Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüni we şol döwrüň taryhy wakalaryny çeper beýan edýän kyrka golaý eser görkezilýär. Olaryň arasynda Magtymgulynyň şygyrlaryna bagyşlanan eserler bilen birlikde beýleki nusgawy söz ussatlarynyň portretleri hem bar.