Wepa Nurmuhammedow
Bir gezek Türkmenistanyň halk bagşysy Tüýli Otuzow: «Adamkärçilik ynsany bezeýän ýagşy häsiýetleriň jemidir, onda-da iliň adamsy bolan bagşy-sazanda süýji sözli, açyk göwünli, sabyrly bolmak ýaraşýandyr. Adamkärçiligiňi bagşyçylygyňdan üstün goýgun. Men ençeme şägirtleri ýetişdirdim, şolara-da ilkinji öwüdim şular boldy» diýip, agtygy Batyr Tüýliýew bilen maňa ýüzlendi.