"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Surat çekmäge höwesek, suratkeş bolmagy arzuw edýän jigilerimiz çagalar sungat mekdeplerine gatnap, öz zehin-başarnyklaryny açýarlar. Şeýle zehinli ýaşlaryň biri hem Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň nakgaşçylyk hünäriniň okuwçysy Allanur Tirkişowdyr. Onuň bagtyýar çagalyk pursatlaryny, gözel tebigatymyzyň keşbini, ajaýyp natýurmortlary dürli reňkleriň kömegi bilen kagyz ýüzüne geçiren sungat eserlerini size ýetirýäris.  * * *

Çaga portretleriniň ussady

Bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen eziz Watanymyzda ussat suratkeşlerimiz, nakgaşçylarymyz tarapyndan çagalaryň özüne maýyl ediji keşpleri arkaly ençeme ajaýyp nakgaşlyk eserleri kemala geldi. Suratkeşler özüneçekiji hem açyk reňkleriň dürli öwüşginlerinden peýdalanyp, mähir-mylakata hem hoşniýetlilige ýugrulan çagajyklaryň ajaýyp keşplerini döredýärler. Şeýle suratkeşleriň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, taryh ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat» medallarynyň eýesi Öwezmuhammet Mämmetnurow hakyky hyjuwa beslenen owadan çaga portretleriniň ussady hasaplanylýar. Ussat halypa 1954-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda dünýä inýär. Ilkinji çeperçilik bilimini 1970 — 1974-nji ýyllar aralygynda öňki Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde (häzirki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi) alýar. Bilimini kämilleşdirmek maksady bilen, 1975 — 1980-nji ýyllar aralygynda Ukrainanyň Harkow çeperçilik-senagat institutynda okaýar. Ol dünýä derejesindäki sergilere gatnaşyp, öz nakgaşlyk, grafika we dizaýn eserleri hem-de şol sanda ýaş nesillere ýazan birnäçe ylmy kitaplary bilen özüni ussat hökmünde tanatdy. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň kemala gelmegine we kämilleşmegine goşan saldamly goşandy üçin ol döwlet sylaglaryna we

Serpaýly «Nurly Güneş»

Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň «Nurly Güneş» tans topary Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp boldy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalar bolup geçdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan aýratyn tapawutlanan zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýraga çagalaryň 71-si, çagalar döredijilik toparynyň bolsa 1-i mynasyp boldy.

Türkmen zenany – döwletliligiň eýesi

Zenan zynaty hakda söz açylanda, ilki bilen parasatly pederlerimiziň agraslygyny, päkizeligini göz öňünde tutup, olary mähek daşyna deňeýişleri dile getirilýär. Owadanlyk, näziklik babatda-da mähek daşyna çalymdaş zenanlar maşgalanyň, giden oba-kendiň, tutuş zeminiň hem zynaty hasaplanylýar. Zenan diýlende beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmäge ömrüni bagyş edýän eneler aýratyn hormata mynasypdyr. Gadymdan bäri türkmen zenanlary, eneleri maşgala ojagynyň mukaddesligini saklamagyň, çagalary terbiýelemegiň nusgalyk ýörelgelerini döredip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Ojagyň mukaddesligi, ata-enä we maşgaladaky uly ýaşlylara bolan hormat, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly halkymyz üçin adaty bolan ahlak häsiýetleri öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Edep-ekramy, arassaçyllygy, el işine ezberligi zenan maşgalany bezeýän esasy häsiýetler hasaplanylýar. Şuňa laýyklykda gadymy döwürlerden bäri zenan mertebesine sagdyn ýaşaýşyň kemala gelmeginiň zerur şerti hökmünde garapdyrlar. Olaryň jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekdäki ornuna ýokary baha beripdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyz “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly eserinde: “Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň-döwletliligiň eýesidir” diýip belleýär. Häzirki günde hem zenan maşgalala

Medeniýet — dostluk köprüsi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda işjeň ösdürilýär. Şunda medeni diplomatiýa aýratyn orun degişli bolup, medeniýet dostluk köprüsi hökmünde halklaryň özara ýakynlaşmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň geçirilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berýär.

Beýik akyldaryň sarpasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen uly üstünliklere we ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, şöhratly taryhyna belent sarpa goýulýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem türkmen halkynyň ýürek arzuwyndan, köňül isleginden gözbaş alýar. Adamzadyň kalbynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyzyň döredijiligi gymmatly mirasdyr, ruhy hazynadyr. Çünki akyldaryň adamlary ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ruhlandyrýan ajaýyp eserleri diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin gymmatlydyr. 2023-nji ýylda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sanawyna goşulmagy, bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly çözgüdiň kabul edilip, onuň düzümine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygynyň hem girizilmegi söz ussadynyň dünýäde belent sarpasynyň has-da ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Şu ýerde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Şu gün Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň we «Biznes-reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar hem-de Türkmenabatdaky ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Görnükli şahyrlar bu duşuşygy soňky birnäçe hepdäniň dowamynda eýýäm ýurdumyzyň dördünji welaýatynda geçirýärler. Mundan ozal olar Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hem saparda bolup, döredijilige baş goşan ýaşlar bilen duşuşdylar. Döredijilik duşuşyklary öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň geçen aýda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynda orta atan teklibinden alýar. Şol saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyza belli ýazyjy şahyrlaryň ýerlerde ýaş döredijiler bilen duşuşyklary geçirmeginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmunyna kybap geljekdigini aýdypdy.

16 ýaşly telegepleşik Lebapda myhmançylykda

Şu gün welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynda indi 16 ýyldan bäri ýaýlyma berlip gelinýän «Bagtyýarlyk ylhamy» atly gepleşigiň Lebap welaýatyndaky ilkinji göçme sany ýazgy edildi. Bu gepleşigi Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew gurnaýar we alyp barýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, halypa şahyr galamdaşy Seýitmyrat Geldiýew bilen bilelikde şu günler welaýatymyzda döredijilik saparynda bolýar. Meşhur gepleşigiň göçme sany bu saparyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň biridir.

Asuda Watany arzuwlan şahyr

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Bagtyýar zamanamyzda alyp barýan ajaýyp işlerimiz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir» diýýär. Akyldar şahyrymyz hem özüniň goşgularyna siňdiren kämil pikirlerinde Watanly, döwletli bolmak arzuwlaryny öňe sürýär. Şahyryň waspyny ýetirýän, milliligimize mahsus bolan agzybirlik, ynsanperwerlik, mertlik, gaýduwsyzlyk, syr saklamagy başarmak ýaly ençeme ajaýyp häsiýetleriň ählisi Milli Liderimiz bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillere rowa görýän häsiýetleriniň iň naýbaşylary dälmi näme?! Magtymguly Pyragy şygyrlarynda halky döwletlilik suprasynyň daşynda jem halda görmegi, olaryň agzybirlik bilen bir maksada gulluk etmegini isläpdir. Berkarar döwleti arzuwlapdyr.

Medeniýetler sözleşende

5-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň we dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen geçirilen bu döredijilik çäresinde Hytaýyň sungat ussatlary milli tanslaryny, halk sazlaryny we opera aýdymlaryny ýerine ýetirip, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan hytaý medeniýetiniň we sungatynyň köpöwüşginli nusgalary bilen oňa gatnaşanlary tanyşdyrdy. Milli lybaslar, sazlar, özboluşly akrobatik çykyşlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Özboluşly sungat baýramçylygy

5-nji fewralda paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilen döredijilik çäresi dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň ösüşine möhüm goşantdyr. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne dostlukly ýurduň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — «Ženmin Žibao» gazetiniň, «Sinhua» habarlar agentliginiň žurnalistleri bar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Golaýda Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen täsirli çärä il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, talyp ýaşlar hem-de Mary şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Kalplarda ýakymly täsir galdyran dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan sergini synladylar. Soňra Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň “Sözlär tili türkmeniň” atly edebi-sazly kompozisiýasyna tomaşa edildi. Dabarada Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Hezretguly Öwlüýägulyýew, Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy Nurjemal Muhammedowa, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Nartäç Ýusupdurdyýewa, Sakarçäge etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Gunça Amansähedowa, Mary şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy Zylyha Ýazberdiýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahyra goýýan belent sarpasy dogrusynda täsirli gürrüň berdiler we göwün ganatlandyryjy goşgularyny okadylar.

Aýdym-sazly duşuşyk geçirildi

Köňülleriň çyragy Magtymguly Pyragy Golaýda şäher häkimliginiň, TZB-niň şäher bölüminiň, şäher bilim bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, TKA-nyň we TAP-nyň şäher komitetleriniň, şäher medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Taryhy owaz bilen giň jahana ýaýylan, köňülleriň çyragy Magtymguly Pyragy” ady bilen aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.

Pederleriň ýoly bilen

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň röwşen nuruny boldan eçilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Kuwwatly geljegi üpjün etjek ýaş nesilleri ata Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, sowatly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek şu günüň wajyp meseleleriniň biri hökmünde orta çykýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesliň kämil keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň ilkinji kitabyny hem ýurdumyzyň ýaş nesline bagyşlap, “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” diýip at berdi. Çünki, ýaşlar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň häzi

Eserde meşhur kosmonawt

Gürrüňimi «Älem syýahatçylary» diýen işime syrykdyrmankam, nirelerde okap, nirelerde ýetişendigim barada az-kem aýdaýyn. 2011 — 2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebinde, soňra akademiýanyň özünde bilim aldym. «Älem syýahatçylary» atly işim şu döwre degişli. Näme üçin şu mowzugy saýlap aldyňyz diýmegiňiz mümkin. Bu meniň çagalyk hyýallarymyň kendir ýüzüne geçmesidir. Her bir adam öz ýurdunyň ähli ulgam babatda, onda-da ylymda, tehnologiýada ösen ýurt, döwrüň depesinde durýan ýurt bolmagyny arzuw edýär, şol barada hyýal ýüwürdýär. Menem şeýledim. Ine-de, ildeşimiz, biziň ýurdumyzda dünýä inip, kosmosa çykan Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Dmitriýewiç Kononenko baradaky tema bilen ýüzbe-ýüz boldum. Bu tema meniň arzuwlarym bilen ugurdaş gelýärdi. Dessine işe başladym. Men öz ylhamymyň güýjüne daýanyp, Watanymyzyň kartasyna kosmonawtyň gözi bilen bakasym geldi. Akademiýada her ýylyň ahyrynda guralýan «Gujurly ýaşlar» sergisi hem bu hyýalyma badalga berdi. Ýaşyl, gök reňkleri ulanyp, ozaldan kalbymyň töründe orun alan hyýallarymy şekile geçirmek maňa kyn düşmedi. Işimiň merkezinde hem eziz Watanymyz Türkmenistanyň Ýer şaryndaky ornuny, türkmeniň ýaşyl tuguny şekillendirdim.

«Gökje kepderä» saz teswirini ýazan ussat

Bellibir ýazyjynyň, şahyryň ýa-da halk döredijiligine degişli meşhur edebi eseriň many-mazmunyny, ajaýyp gözelligini müň dürli owazlar arkaly teswirlemek däbi dünýä saz medeniýetinde gabat gelýär. Dünýä sazynda, beýleki döredijilik däplerine garanyňda, has seýrek gabat gelýän bu usuly beýik türkmen mukamçysy Kel bagşynyň örän jaýdar ulanyp, milli medeniýetimize girizendigini aýratyn nygtasymyz gelýär. Magtymguly Pyragynyň «Hökmi daweri» ýa-da «Gökje kepderi» diýlip atlandyrylýan poemasy esasynda döreden «Kepderi» atly sazy türkmen dutarçylyk sungatynyň ýokary derejede ykrar eden eserine öwrüldi. Hormatly okyjy, indi bu mukamyň döreýşi dogrusyndaky söhbede gulak goý!

Medeniýet — milletiň mertebesi

5-nji fewralda paýtagtymyzyň gözel künjegindäki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň we dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara iki halkyň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynda şanly waka öwrüldi. Bu ýerde guralan çykyşlarda iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy bilen syýasat, medeniýet, ylym-bilim we halk hojalygynyň dürli ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň uly rowaçlyklara beslenýändigi babatda uly buýsanç bilen bellenildi. Şunda medeni gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagynyň doganlyk hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Doganlyk halkyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren gadymy we häzirki zaman hytaý aýdym-sazlary, tanslary, milli däp-dessurlaryny inçelik bilen şöhlelendirýän çykyşlary dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi. Hytaýyň dürli sebitleriniň milli lybaslary bilen geýnen zenanlaryň täsin keşpleri, özboluşly hereketleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän döredijilik çäresi ildeşlerimiziň hytaý halkynyň täsin sungaty, milli däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary, gazananlary bilen tanyşmakda, tejribe alyşmakda

El hünäri — il gezer

ZENAN DÜNÝÄSINIŇ BEZEGI Häzirki wagtda keşdeçilik sungatyna, el işleri bilen bezelen milli lybaslarymyza aýratyn üns berilýär. Toý-tomaşalara, dürli dabaralara, umuman, köpçülik ýerlerine baranymyzda milli geýinmek medeniýetiniň ösdürilýändigine aýdyň göz ýetirýäris. Biz gazetimiziň şu sanynda zenan mugallymlaryň millilik baradaky ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Tans toparlary bäsleşdiler

Täze taryhy eýýamda asyrlardan aşyp, ajaýyp döwrümize gelip ýeten nusgalyk medeni mirasymyz, halk döredijiligimiz, milli sungatymyz dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Bu ajaýyp hakykat hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem barha rowaçlyklara beslenýär. Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Tans-folklor dessury halkyň heňidir, beýik söz ussady Magtymguludyr» ady bilen geçirilen bäsleşik munuň şeýlediginiň ýene bir ýola aýdyň güwäsine öwrüldi. Onda etrap-şäher medeniýet merkezleriniň tans toparlary bäsleşdiler.

Kalplar sungata söýgüden doly

Ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ähli ulgamlar sazlaşykly ösýär. Şolar bilen bir hatarda, milli aýdym-saz sungatymyz hem barha baýlaşýar. Yzygiderli geçirilýän halkara festiwallarda, aýdym-saz bäsleşiklerinde täze zehinleriň ýüze çykmagy ýurdumyzda aýdym-saz sungatyna uly üns berilýändigini görkezýär. Aýdym-sazyň hoş owazynyň ýaňlanýan ýeri hemişe alaýazdyr. Sungatyň bu görnüşinde inçe tilsimler, çylşyrymly çuň ýollar bar. Bar durkuň, düýrmegiň bilen aýdym-saza berilmeseň, bu ýollardan geçäýmek her bir adama başartmaýar. Biz hem çagalar sungat mekdebimizde ösüp gelýän ýaş nesillere aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwredýäris. Olaryň zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen, bäsleşikleri geçirýäris. Bäsleşiklere gatnaşyp, birek-birekden kem durman aýdym aýdyp, saz çalýan ýaş nesiller bu jadyly dünýä içgin aralaşýandyklaryny, öwrenmäge yhlas edýändiklerini görkezýärler.